Täzelik

6 Mart 2024
313

Halkara zenanlar güni mynasybetli Saýat etrap merkezi kitaphanasynda «Bahar size meňzeş, eneler!» diýen at bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Welaýat kitaphanasynyň hem-de Saýat etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guran çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, mährem eneler, kitaphanaçylar, bilim işgärleri we orta mekdepleriň okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler güneşli Diýarymyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da olar durmuşymyzyň bezegi bolan aýal-gyzlaryň hem özleri barada edilýän aladalara jogap edip, okuwda, zähmetde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşlerine önjeýli goşant goşýandyklaryny nygtadylar. Söhbetdeşlikde aýal-gyzlara belent hormat-sarpa goýýandyklary, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Çäre mahalynda okuwçy gyzlar mährem enelerimizi, gyz-gelinlerimizi, tebigat gözelliklerini wasp edýän goşgulary labyzly okadylar.