Röwşen geljege gönükdirilen tutumlar

6 Mart 2024
378

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanyp, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksat-
namalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan ajaýyp üstünlikleri nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň dabaralanmasy boldy. Şol anyk durmuş-ykdysady görkezijiler ata Watanymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenen anyk wezipeleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar. 

Maslahatda halkyň röwşen geljegi üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary päk ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleriniň mazmun baýlygyny artdyrdy.

Nury Mämmedow.