"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

21 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňdi

Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibler zolagynda noýabr aýyndaky duşuşyklar Meksikanyň ýygyndysy üçin şowsuz tamamlandy. Olar ilki ABŞdan 2–0, soňra Kanadadan 2–1 asgyn gelip, 3-nji orna düşdi. Amerikanlara ýeňiş getiren gollary Pulişiç bilen MakKenni geçirdi. Kanada bolsa 21 ýyldan soň ilkinji gezek güýçli garşydaşyny Kaýl Lariniň (45+2, 52) gollary bilen 2–1 hasabynda ýeňdi. Larin bu gollardan soň ýurdunyň iň köp gol geçiren futbolçysy Dweýn De Rosasio bilen deňleşdi. ABŞ-nyň ýygyndysy 2-nji duşuşygynda Ýamaýka bilen 1–1 deňme- deň oýnady.

Eýranyň ýygyndysyna ýene-de bir ýeňiş ýeterlik

Aziýa zolagynyň 3-nji tapgyrynyň «A» toparçasynda Eýranyň ýygyndysy myhmançylykda Liwany soňky minutlarda Azmun (90+1) we Nurollahiniň (90+5) gollary bilen 2–1 ýeňdi. Eýranly futbolçylar 2-nji duşuşygynda Siriýany- da 3–0 utdy. Duşuşykda Azmun (33), Hajsafi (42 p) hem-de Golizadeh (89) tapawutlandy. Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýene- de bir ýeňiş ýeterlik bolar. Toparçada Günorta Koreýanyň ýygyndysy- da BAE-ni 1–0 (Hi-çan Hwan 36 p), myhmançylykda Yragy 3–0 (Žae-sun Li 33, Hyn-min Son 74 p, Wu-ýeon Žeon 80) hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. «B» toparçada Awstraliýa bilen golsuz deňlikden soň Saud Arabystanynyň ýygyndysy myhmançylykda Wýetnamy 1–0 hasabynda ýeňip, liderligini dowam etdirdi. Toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy myhmançylykda ilki Wýetnamy, soňra- da Omany 1–0 hasaplar bilen ýeňdi. Bu ýeňişlerden soň 2-nji orna çykan ýaponlaryň 2 goluny- da Ýunýa Ito geçirdi. Saud Arabystanyndan soň Hytaý bilen hem deňme- deň (1–1) oýnan Awstraliýa 3-nji orna düşdi.

Braziliýa 22-nji, Argentina 18-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar

Günorta Amerika zolagynda geçirilen 13-14- nji tapgyryň oýunlaryndan soň ýeňlişsiz barýan 2 ýygyndy Katar 2022-ä gatnaşmaga hukuk gazandy. Olaryň birinjisi mundan öňki ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan Braziliýanyň ýygyndysy bolup, sambaçylar Kolumbiýany Lukas Paketanyň goly bilen 1–0 ýeňdi. Şeýlelikde, Braziliýanyň ýygyndysy 22-nji gezek geçiriljek Dünýä Kubogy ýaryşyna 22-nji sapar gatnaşar. Braziliýadan soň Argentinanyň ýygyndysy hem wagtyndan öň Katar 2022-niň wekili boldy. Ilki Urugwaýy Di Mariýanyň ýeke- täk goly esasynda 1–0 ýeňen Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Braziliýa bilen golsuz deňme- deň oýnady. Şeýlelikde, 13 oýunda utugyny 29-a çykaran Argentinanyň ýygyndysy yzly- yzyna 13-nji, umumylykda- da 18-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Wenesuelany 1–0, Çilini 2–0 ýeňip 6 utuk toplan Ekwador hem Dünýä Kubogyna gatnaşmagyň bosagasyndan ilkinji ädimleri ätdi. Bu iki oýny utuksyz tamamlan güýçli oýunçylaryň ýygyndysy Urugwaý bolsa kem-kemden Katar 2022-den daşlaşýar.

Moto GP-de möwsüm jemlendi

Moto GP boýunça möwsümiň jemleýji — 18-nji ýaryşy Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirildi. Çempiony ozal belli Moto GP-niň soňky ýaryşynda «Ducati Lenovo » toparynyň italiýaly sürüjisi Françesko Banaia ýeňiş gazandy. Ol 27 aýlawy 41 minut 15,481 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji ýeňşi boldy. Ýaryşda ispaniýaly sürüjiler — «Ducati Pramac Racing» toparyndan Horge Martin bilen «Suzuki Ecstar» toparyndan Žoan Mir 2–3-nji ýerleri eýelediler. Çempionlygyny ozal yglan eden «Monster Energy Yamaha » toparynyň fransiýaly sürüjisi Fabio Kuartararo 5-nji orna mynasyp boldy. Şunlukda, Moto GP boýunça 73-nji möwsüm Fabio Kuar tararonyň (278 utuk) çempionlygy bilen tamamlanyp, Françesko Banaia 2-nji (252 utuk), Žoan Mir 3-nji (208 utuk) orny eýeledi. Rowaýat y sürüji karýeras yny tamamlad y Şeýle- de bu bäsleşik ady rowaýata öwrülen italiýaly meşhur sürüji Walentino Rossiniň karýerasyndaky soňky ýaryşy boldy. Watandaşy Jakomo Agostiniden (8 çempionlyk) soň Moto GP-de iň köp çempionlyk gazanan 2-nji sürüji Walentino Rossi 25 ýyllyk sport karýerasyny tamamlady. 2000-nji ýyldan bäri Moto GP-de bäsleşip gelýän 42 ýaşyndaky Rossi 7 gezek (2001–02–03–04–05–08–09), dünýäniň çempiony boldy. «The Doctor» lakamly sürüji 46 belgili motosikl bilen bäsleşdi. «Honda », «Yamaha », «Ducati» toparlarynda bäsleşen Rossi 372 ýaryşa gatnaşdy. Münbere 199 gezek çykan Rossi 89 bäsleşikde ýeňiş gaza

Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Formula 1 boýunça möwsümiň 19-njy bäsleşigi Braziliýanyň Sao Paulo şäherindäki «Interlagos » trassasynda geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Mercedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiji boldy. Ol 71 aýlawy 1 sagat 32 minut 22,851 sekuntda geçip, şu möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 101-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan sanawyň lideri, «Red Bulluň » niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňijiden 10,496 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Hamiltonyň finlýandiýaly topardaşy Waltteri Bottas münberiň üçünji basgançagyna çykdy. «Red Bulluň » beýleki sürüjisi, meksikaly pilot Serhio Pereziň 4-nji bolan ýaryşynda «Ferrariniň » sürüjileri – monakoly Şarl Lekler bilen ispaniýaly Karlos Saýns Junior degişlilikde 5-6-njy ýerleri eýelediler. Möwsümiň tamamlanmagyna 3 ýaryş galanda, 332,5 utukly Maks Werstappen bilen 318,5 utuk toplan Lýuwis Hamiltonyň arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Möwsümiň 20-njI ýaryşy 21-nji noýabrda Kataryň paýtagty Dohada bolup, bu ýurtda ilkinji gezek geçiriler.

Dünýä Kubogynyň 13 ýygyndysy belli boldy

Ýene- de laýyk bir ýyldan Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogynda çykyş etjek 32 ýygyndynyň 13-si belli boldy. Ýagny, ýer eýeleri Katar bilen bir hatarda, Ýewropadan 10, şeýle- de Günorra Amerikadan 2 ýygyndy 22-nji Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler. Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň toparçalardaky duşuşyklary tamamlanyp, her toparçanyň lideri, degişlilikde, Serbiýanyň, Ispaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Daniýanyň, Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Angliýanyň hem-de Germaniýanyň ýygyndylaryDünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Başgaça aýdylanda, Ýewropadan gatnaşjak 13 ýygyndynyň 10-sy belli bolup, galan 3 ýygyndy üçinem toparçalarda 2-nji orny eýelänler bilen Milletler Ligasynda şowly çykyş eden 2 topar, jemi 12 ýygyndy pleý-off tapgyryny geçirerler. Toparçalardaky soňky duşuşyklaryň käbirleri dramatik ýagdaýda tamamlanyp, Portugaliýanyň ýygyndysy soňky minutda ýeňlişe sezewar boldy. Ýewropanyň çempiony, mundan öňki Dünýä Kubogyna hem gatnaşmadyk Italiýa bolsa iki oýunda- da ýeňiş gazanyp bilmedi. Russiýanyň ýygyndysy- da deňlik kanagatlandyrýandygyna garamazdan, awtogoluň netijesinde pleý-off oýnamaly boldy. Netijede, Portugaliýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Uelsiň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Polşanyň hem-de Demirgazyk Makedoniýanyň, şol sanda Çehiýadyr Awstriýanyň ýygyndylary pleý-off tapgyryna gatnaşar. Faworitleri

Ýer eýeleriniň üstünliginde geçen 6-njy tapgyr

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynda 5–6-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Iki duşuşygy ozal geçirilen bu 5-nji tapgyrda «Şagadam » öz meýdançasynda «Energetikden » 3–0 üstün çykdy. «Merw» bilen «Nebitçiniň » arasyndaky duşuşykda- da ýeňiş gazanan bolmady. Şeýle- de 1-nji tapgyrdan galdyrylan duşuşykda «Köpetdag » bilen «Aşgabat » toparlary 2–2 deňme- deň oýnadylar. Çekeleşikli geçen oýunda «Aşgabat » topary 90-njy minutdan soň hasaby deňlemegi başardy. 6-njy tapgyryň duşuşyklarynda ýer eýeleri ýeňiş gazanyp, derwezelere jemi 13 gol girizildi. Sanawyň lideri «Ahal» topary Arslanmyrat Amanowyň (2) hem-de Elman Tagaýewiň gollary bilen «Aşgabat » toparyny 3–1 hasabynda utdy. Edil şeýle netije «Şagadam » bilen «Köpetdagyň » arasyndaky oýunda- da hasaba alnyp, kenarýaka şäheriniň wekili ýeňşini baýram etdi. «Şagadam » toparyna ýeňiş getiren gollary Kerim Hojaberdiýew, Yhlas Magtymow hem-de Möwlamberdi Goşşanow geçirdi. Soňky çempion «Altyn asyr» öz meýdançasynda «Merwi » 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda aragatnaşykçylardan Döwletgeldi Mirsultanow (öz derwezesine) hem-de Mihail Titow, «Merwden » bolsa Serdaraly Ataýew tapawutlandy. «Energetik » bilen «Nebitçiniň » arasyndaky duşuşykda ýer eýeleri her ýarymda bir gol geçirip, 2–0 hasabynda üstün çykdy we möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Gollary Tirkiş Muhammetberdiýew bilen Perman Hallyýew öz atlaryna ýazdyrdyla

Dünýä çempionatyndan üç medal

Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem samboçylaryň 20-si gatnaşdy. Ildeşlerimiz dünýäniň dürli döwletlerinden gelen bäsdeşleri bilen geçiren tutluşyklarynda netijeli çykyş edip, bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Medallaryň sambonyň iki görnüşi boýunça hem gazanylandygy aýratyn buýsançlydyr.

Tejribe alşyldy

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa umumybilim berýän mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdy. Okuw maslahatynyň esasy maksady ýaş nesli sporta çekmekden, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, şeýle-de sport mekdeplerinde täze açylan sportuň görnüşlerini wagyz etmekden ybarat boldy. Onuň barşynda agzalan ugurlar boýunça täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş eden hünärmenler hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketine giňden çekmek, türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatynda edýän tagallalary barada aýdyp, ýurdumyzda hereket edýän sport mekdepleridir toplumlarda, sport maksatly beýleki desgalarda munuň üçin ajaýyp şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellediler hem-de sport mekdeplerinde täze açylan ugurlaryň, ýagny sportuň görnüşleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Çempionatyň üç duşuşygy

Geçen anna güni milli futbol çempionatymyzyň 5-nji tapgyrynyň iki duşuşygy geçirilip, olaryň birinde Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda «Merwiň» garşydaşy boldy. Mary şäherinde geçen oýunda 72-nji minuta çenli hasap açylmady. Şol minutda bolsa «Nebitçiden» Guwanç Abylowyň depen pökgüsi toruň iç ýüzünde gaýmalady.

Sport — saglygyň sakasy

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäherine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde egindeşleri bilen häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler. Ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ählumumy pandemiýa şertlerinde СOVID-19 ýokanjyna test barlagyndan geçmek, şeýle hem zyýansyzlandyryş çärelerini yzygiderli geçirmek ýola goýuldy. Munuň özi döwletiň baş baýlygy hasaplanýan ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap bedenterbiýe-sport toplumlarynyň hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň, şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň her biriniň sport meýdançalary, suwda ýüzülýän howuzlar hem-de döwrebap fitnes otaglary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sport binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini alamatlandyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şol gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özbol

Üstünlikde paýymyz bar

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary, üns-aladalary bimöçberdir. Bu ugurdan ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň, täze stadionlaryň, aýlawlaryň gurulmagy sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döretdi. Biziň sport mekdebimiz futbola ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde göreldeli tälimçileriň 11-si zähmet çekýär. 2016-njy ýylda sport mekdebimiziň durky täzelenildi. Mekdebimizde futboldan daşary kikboksing we boks boýunça hem türgenleşikler geçirilýär. 600 türgen üçin niýetlenilen sport zallarynda 41 topar tälim alýar. Göreldeli tälimçiler Aleksandr Slastuhin bilen Timur Husainow dagy aýratyn öwgä mynasyp. Olaryň tälim berýän 2002-nji ýylda doglan oglanlar topary Türkmenistanyň dört gezek çempiony boldy. Häzirki wagtda çempion türgenler Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýärler. Şeýle-de sport mekdebimizde futbol boýunça gyzlar topary-da döredildi. Olara Bahtiýar Jumabaýew tälim berýär. Onuň agzalary hem özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryny begendirýärler.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, 13-nji noýabrda Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen topluma gelip, häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan bedeniniň taplanmagyna, saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Sport syýasatynyň gadamlary

Bähbitli işleriň bady artýar Esasy Kanunymyzda kesgitlenilişi ýaly, adam döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasydyr. Türkmen halkynyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan ýurt Baştutanymyz bu möhüm meselede bähbitli çözgütlere badalga berdi. Milli Liderimiziň öňe süren sport syýasatynyň çäklerinde uly işler bitirildi. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we desgalary gurlup, sporta höwesekleriň hyzmatyna berildi. Sport bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesiniň bize nusgalykdygyny ýatlamalydyrys.

Sport we ýaşlar

«7/24.tm», №46 (77), 15.11.2021. «SPORT — SAGLYK WE BAGTYÝARLYK»

Sport äleminde

«7/24.tm», №46 (77), 15.11.2021. IŇ NETIJELI FUTBOLÇY

Kämil sportuň bezegi

2017-nji ýylda «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bedenterbiýe we sport hünärmenleri üçin esasy ýörelge boldy. Bu kanun Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň Bütindünýä dopinge garşy kodeksiniň, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynyň dünýäde ykrar edilen esasy ýörelgelerini hem özünde jemleýär. Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentliginiň döredilmegi bolsa mundan beýläk-de sportda dopinge garşy göreşi has hem güýçlendirmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzda hem beýleki döwletlerde guralýan sport baýramçylyklarynda türgenlerimiziň esasy ýörelgesi bolýar. Elbetde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Doping gözegçilik merkeziniň bolmagy-da kanunalaýyklykdyr. Çünki halkara ýaryşlaryna gatnaşjak türgenlerimiziň bedeniniň ukyp-başarnygyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, olaryň doping serişdelerinden azat bolmagyny gazanmagymyz hem hökmany talapdyr. Şol sebäpden hem, olaryň tebigy fiziki durkuny berkidip, özüne bolan ynamyny artdyrmak arkaly ýeňşe, üstünlige ýetip biljekdigi tälimçiler, professor-mugallymlar tarapyndan öwran-öwran nygtalýar.

Zähmete sarpa

Adamlaryň tutanýerli zähmeti jemgyýetiň kämilleşmeginiň hem-de döwletiň barha kuwwatlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Hut şonuň üçinem Diýarymyzda döredijilikli zähmeti bilen görelde görkezýän ildeşlerimiziň hormaty belentde tutulýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenen günlerinde raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýolöten etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Aganazar Haýytgulyýew hem bar. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi Aganazar Haýytgulyýew ykbalyny sporta baglan hünärmenleriň biri. 1973-nji ýylyň noýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doglan Aganazar kiçilikden, has takygy mekdebe gadam basan döwründe futbol bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýaşyl meýdanda sag gyraky ýarym goragçynyň ýerinde oňat oýun görkezmegi başaran Aganazar geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmengala etrabynyň «Kolhozçysynyň» düzüminde oýnaýar. Orta mekdebi tamamlap, Watan öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip gelensoň, 1994 – 1998-nji ýyllarda häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we spo

Nusgalyk görelde

Türkmenistanyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň köpdügine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy biziň her birimiz üçin nusgalyk göreldedir. Hormatly Prezidentimiziň adaty endigine eýerip, atçylyk sport toplumyna baryp, behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşmagy, Olimpiýa şäherçesinde bolup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, esasan hem, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär.

Sport – ýaşlaryň hemrasy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sport we ýaşlar syýasatyny giň gerimde ýaýbaňlandyrmak barada durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny hem görkezmek bolar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalarydyr mekdepleri ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna giň şert döredýär. Serhetabat etrabynda hem 2015-nji ýylda sport mekdebi ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän sport mekdebi tejribeli tälimçileriň zähmet çekmegine, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň görnetin artmagyna getirdi. Hormatly Prezidentimiziň sporta uly üns bermegi netijesinde orta mekdeplerde bedenterbiýe sapagy gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem sapak sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar we sport syýasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Zähmet çekýän orta mekdebimizde okuwçylar bedenterbiýe sapaklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar köpýyllyk tejribesi bolan halypa tälimçi-mugallymlardan sportuň dürli görnüşlerinden tälim alýarlar. Esasan hem, woleýbol boýunça etrabymyzda geçirilýän bäsleşiklerde mekdebimiziň dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülen toparlar üstünlikli çykyş edýär.