Braziliýa 22-nji, Argentina 18-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar

19 Noýabr 2021
729

Günorta Amerika zolagynda geçirilen 13-14- nji tapgyryň oýunlaryndan soň ýeňlişsiz barýan 2 ýygyndy Katar 2022-ä gatnaşmaga hukuk gazandy. Olaryň birinjisi mundan öňki ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan Braziliýanyň ýygyndysy bolup, sambaçylar Kolumbiýany Lukas Paketanyň goly bilen 1–0 ýeňdi. Şeýlelikde, Braziliýanyň ýygyndysy 22-nji gezek geçiriljek Dünýä Kubogy ýaryşyna 22-nji sapar gatnaşar. Braziliýadan soň Argentinanyň ýygyndysy hem wagtyndan öň Katar 2022-niň wekili boldy. Ilki Urugwaýy Di Mariýanyň ýeke- täk goly esasynda 1–0 ýeňen Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Braziliýa bilen golsuz deňme- deň oýnady. Şeýlelikde, 13 oýunda utugyny 29-a çykaran Argentinanyň ýygyndysy yzly- yzyna 13-nji, umumylykda- da 18-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Wenesuelany 1–0, Çilini 2–0 ýeňip 6 utuk toplan Ekwador hem Dünýä Kubogyna gatnaşmagyň bosagasyndan ilkinji ädimleri ätdi. Bu iki oýny utuksyz tamamlan güýçli oýunçylaryň ýygyndysy Urugwaý bolsa kem-kemden Katar 2022-den daşlaşýar.