Üstünlikde paýymyz bar

15 Noýabr 2021
851

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary, üns-aladalary bimöçberdir. Bu ugurdan ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň, täze stadionlaryň, aýlawlaryň gurulmagy sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Biziň sport mekdebimiz futbola ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde göreldeli tälimçileriň 11-si zähmet çekýär. 2016-njy ýylda sport mekdebimiziň durky täzelenildi. Mekdebimizde futboldan daşary kikboksing we boks boýunça hem türgenleşikler geçirilýär. 600 türgen üçin niýetlenilen sport zallarynda 41 topar tälim alýar. Göreldeli tälimçiler Aleksandr Slastuhin bilen Timur Husainow dagy aýratyn öwgä mynasyp. Olaryň tälim berýän 2002-nji ýylda doglan oglanlar topary Türkmenistanyň dört gezek çempiony boldy. Häzirki wagtda çempion türgenler Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýärler. Şeýle-de sport mekdebimizde futbol boýunça gyzlar topary-da döredildi. Olara Bahtiýar Jumabaýew tälim berýär. Onuň agzalary hem özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen sportuň bu görnüşiniň muşdaklaryny begendirýärler.

Zakir OREŞEW,
Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiň usulyýetçisi.