Sport – ýaşlaryň hemrasy

12 Noýabr 2021
904

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sport we ýaşlar syýasatyny giň gerimde ýaýbaňlandyrmak barada durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny hem görkezmek bolar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalarydyr mekdepleri ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna giň şert döredýär. Serhetabat etrabynda hem 2015-nji ýylda sport mekdebi ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän sport mekdebi tejribeli tälimçileriň zähmet çekmegine, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň görnetin artmagyna getirdi.

Hormatly Prezidentimiziň sporta uly üns bermegi netijesinde orta mekdeplerde bedenterbiýe sapagy gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem sapak sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar we sport syýasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Zähmet çekýän orta mekdebimizde okuwçylar bedenterbiýe sapaklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar köpýyllyk tejribesi bolan halypa tälimçi-mugallymlardan sportuň dürli görnüşlerinden tälim alýarlar. Esasan hem, woleýbol boýunça etrabymyzda geçirilýän bäsleşiklerde mekdebimiziň dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülen toparlar üstünlikli çykyş edýär.

Jumamuhammet KERIMOW,
Serhetabat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň müdiri.