Kämil sportuň bezegi

12 Noýabr 2021
1028

2017-nji ýylda «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bedenterbiýe we sport hünärmenleri üçin esasy ýörelge boldy. Bu kanun Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň Bütindünýä dopinge garşy kodeksiniň, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynyň dünýäde ykrar edilen esasy ýörelgelerini hem özünde jemleýär. Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentliginiň döredilmegi bolsa mundan beýläk-de sportda dopinge garşy göreşi has hem güýçlendirmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzda hem beýleki döwletlerde guralýan sport baýramçylyklarynda türgenlerimiziň esasy ýörelgesi bolýar.

Elbetde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Doping gözegçilik merkeziniň bolmagy-da kanunalaýyklykdyr. Çünki halkara ýaryşlaryna gatnaşjak türgenlerimiziň bedeniniň ukyp-başarnygyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, olaryň doping serişdelerinden azat bolmagyny gazanmagymyz hem hökmany talapdyr. Şol sebäpden hem, olaryň tebigy fiziki durkuny berkidip, özüne bolan ynamyny artdyrmak arkaly ýeňşe, üstünlige ýetip biljekdigi tälimçiler, professor-mugallymlar tarapyndan öwran-öwran nygtalýar.

Mälikberdi ATAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň öwreniji mugallymy.