Zähmete sarpa

12 Noýabr 2021
870

Adamlaryň tutanýerli zähmeti jemgyýetiň kämilleşmeginiň hem-de döwletiň barha kuwwatlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Hut şonuň üçinem Diýarymyzda döredijilikli zähmeti bilen görelde görkezýän ildeşlerimiziň hormaty belentde tutulýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenen günlerinde raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýolöten etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Aganazar Haýytgulyýew hem bar.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi Aganazar Haýytgulyýew ykbalyny sporta baglan hünärmenleriň biri. 1973-nji ýylyň noýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doglan Aganazar kiçilikden, has takygy mekdebe gadam basan döwründe futbol bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýaşyl meýdanda sag gyraky ýarym goragçynyň ýerinde oňat oýun görkezmegi başaran Aganazar geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmengala etrabynyň «Kolhozçysynyň» düzüminde oýnaýar. Orta mekdebi tamamlap, Watan öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip gelensoň, 1994 – 1998-nji ýyllarda häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýar.

Allanur ÇARYÝEW,
«Türkmen sporty».