Dünýä çempionatyndan üç medal

18 Noýabr 2021
949

Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem samboçylaryň 20-si gatnaşdy.

Ildeşlerimiz dünýäniň dürli döwletlerinden gelen bäsdeşleri bilen geçiren tutluşyklarynda netijeli çykyş edip, bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Medallaryň sambonyň iki görnüşi boýunça hem gazanylandygy aýratyn buýsançlydyr.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».