Dünýä Kubogynyň 13 ýygyndysy belli boldy

19 Noýabr 2021
663

Ýene- de laýyk bir ýyldan Katarda geçiriljek 22-nji Dünýä Kubogynda çykyş etjek 32 ýygyndynyň 13-si belli boldy. Ýagny, ýer eýeleri Katar bilen bir hatarda, Ýewropadan 10, şeýle- de Günorra Amerikadan 2 ýygyndy 22-nji Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler. Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň toparçalardaky duşuşyklary tamamlanyp, her toparçanyň lideri, degişlilikde, Serbiýanyň, Ispaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Daniýanyň, Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Angliýanyň hem-de Germaniýanyň ýygyndylaryDünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Başgaça aýdylanda, Ýewropadan gatnaşjak 13 ýygyndynyň 10-sy belli bolup, galan 3 ýygyndy üçinem toparçalarda 2-nji orny eýelänler bilen Milletler Ligasynda şowly çykyş eden 2 topar, jemi 12 ýygyndy pleý-off tapgyryny geçirerler. Toparçalardaky soňky duşuşyklaryň käbirleri dramatik ýagdaýda tamamlanyp, Portugaliýanyň ýygyndysy soňky minutda ýeňlişe sezewar boldy. Ýewropanyň çempiony, mundan öňki Dünýä Kubogyna hem gatnaşmadyk Italiýa bolsa iki oýunda- da ýeňiş gazanyp bilmedi. Russiýanyň ýygyndysy- da deňlik kanagatlandyrýandygyna garamazdan, awtogoluň netijesinde pleý-off oýnamaly boldy. Netijede, Portugaliýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň, Uelsiň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Polşanyň hem-de Demirgazyk Makedoniýanyň, şol sanda Çehiýadyr Awstriýanyň ýygyndylary pleý-off tapgyryna gatnaşar. Faworitleriň ýer eýesi hökmünde çykyş etjek pleý-off tapgyrynyň bijeleri 26-njy noýabrda çekiler. 90-njy MINUTDA ÝEŇILDILER «A» toparçada Irlandiýa bilen myhmançylykda golsuz deňmedeň oýnan Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Serbiýadan 2–1 asgyn geldi. 2-nji minutda Renato Sançesiň goly bilen öňe saýlanan portugallar 33-nji minutda Tadiçiň, 90-njy minutda Mitrowiçiň gollaryna çäre tapyp bilmedi. Şeýlelikde, 2–1 hasabynda ýeňşini baýram eden Serbiýanyň ýygyndysy 13-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Portugaliýanyň ýygyndysy bolsa soňky 28 ýylda 38 oýunda öz meýdançasynda 2-nji gezek utulyp, pleý-off tapgyrynda çykyş eder. Bu duşuşykda portugallara deňlik hem ýeterlikdi. «B» toparçada myhmançylykda garaşylmadyk ýagdaýda Gruziýadan 2–0 utulan Şwesiýa bilen Gresiýany 1–0 ýeňen Ispaniýa duşuşdy. Sewilýa şäherinde oýnalan oýunda Ispaniýanyň ýygyndysy şwedleri Moratanyň 86-njy minutdaky goly bilen 1–0 ýeňdi. Bu ýeňiş Ispaniýanyň ýygyndysynyň 16-njy gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik etmegine ýollanma boldy. Şwesiýanyň ýygyndysy bolsa pleý-off tapgyryna gatnaşar. Düný ä Kub ogy ÝENE-DE Italiýas yz geçip biler Ýewropa çempiony Italiýanyň ýygyndysy bassyr ikinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşman biler. Pleý-of tapgyrynda Şwesiýadan asgyn gelip, 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä Kubogynyň daşynda galan Italiýanyň ýygyndysy 58 ýyldan soň ilkinji gezek, umumylykda- da 2-nji gezek futbolyň iň uly baýramçylygynyň daşynda galypdy. Italiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Şweýsariýa bilen 1–1, myhmançylykda- da Demirgazyk Irlandiýa bilen 0–0 deňme- deň oýnap, toparçada bir oýunda hem ýeňilmän 2-nji ýeri eýeledi. Şeýlelikde italýanlar mart aýynda geçiriljek pleý-off tapgyry arkaly Dünýä Kubogyna gatnaşmaga dyrjaşarlar. Italýanlaryň ornuna «C» toparçadan Bolgariýany 4–0 (Okafor 48, Wargas 57, Itten 72, Froýler 90+1) ýeňen Şweýsariýanyň ýygyndysy gatnaşar. Toparçada ýeňlişsiz liderligi eýelän şweýsarlar 12- nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş ederler. «D» toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Gazagystanyň ýygyndysyny 8–0 ýeňip, 16-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Duşuşykda Mbappe 4, Benzema 2 gol geçirdi. Fransuzlar bu oýundan soň myhmançylykda Finlýandiýany Benzema we Mbappeniň gollary bilen 2–0 ýeňdi. Toparçada 2-nji ýeri Ukraina eýeledi we pleýoff tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. «E» toparçada Belgiýanyň ýygyndysy Estoniýadan Benteke, Karrasko hemde Torgan Hazaryň gollary bilen 3–1 üstün çykdy. Bu ýeňiş olaryň 14-nji gezek Dünýa Kubogyna gatnaşmagy üçin ýeterlik boldy. Belarusy 5–1 ýeňen Uels soňky tapgyrda öz meýdançasynda Belgiýa bilen 1–1 deňmedeň oýnap, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. «F» toparçada Dünýä Kubogynda çykyş etmäge öňki tapgyrlarda hukuk gazanan Daniýanyň ýygyndysy Farer adalaryny 3–1 ýeňdi. Bu duşuşykda ilkinji gezek gol geçirden daniýalylar myhmançylykda Şotlandiýadan 2–0 utulyp, toparçada ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şotlandiýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyrynda çykyş eder. «G» toparçada ilki Garadag bilen oýnap, Depaýyň gollary esasynda 2–0 öňe saýlanandygyna garamazdan, soňky minutlarda ýeňşi elden gideren Niderlandlar öz meýdançasynda Norwegiýany 2–0 hasabynda utdy. Bergwiýn hem-de Depaýyň gollary bilen ýeňiş gazanan Niderlandlar taryhynda 11-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder. Toparçada ilki Gibraltary 6–0, soňra Garadagy 2–1 ýeňen Türkiýe pleý off tapgyrynda çykyş eder. «H» toparçada Russiýadyr Horwatiýanyň ýygyndylary 9-njy duşuşyklarynda garşydaşlaryndan uly hasaplar bilen üstün çykdy. Russiýa Kipri 6–0, Horwatiýa myhmançylykda Maltany 7–1 ýeňdi. Horwatiýa bilen Russiýanyň arasyndaky ikiçäk duşuşykda bolsa ýer eýeleri 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Horwatlara ýeňiş getiren hem-de 6-njy gezek Dünýä Kubogynyň petegini gazandyran ýeke- täk goly 81-nji minutda Kudrýaşow öz derwezesinden geçirdi. Russiýanyň ýygyndysy final tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini pleýoff tapgyrynd synap görer. 57 ýyldan soň 10 gol geçirdiler «I» toparçada Angliýanyň ýygyndysy duşuşykda 15 gol geçirip, şolaryň 7-sini Harri Keýn öz adyna ýazdyrdy. Ilki Albaniýany 5–0, soňra myhmançylykda San Marinony 10–0 ýeňen Angliýanyň ýygyndysy 16-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. 1-nji oýunda 3, 2-nji oýunda 4 gol geçiren Keýniň milli topardaky gollarynyň sany 48-e ýetip, ol Runi (53) we Çarltondan (48) soň 3-nji orunda barýar. Şeýle- de Angliýanyň ýygyndysy 57 ýyldan soň bir oýunda 10–0 ýeňiş gazandy. Olar soňky gezek 1964-nji ýylda ABŞ-ny 10–0 utupdy. Toparçada 2-nji ýeri eýelän Polşanyň ýygyndysy pleý-offa gatnaşar. «J» toparça Katar 2022-ä gatnaşmaga ozal hukuk gazanan Germaniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lihtenşteýnden 9–0 üstün çykdy. Myhmanlaryň 81 minutlap bir oýunçy kem oýnan duşuşygynda Sane we Müller 2 gol geçirdi. Nemesler Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 52 ýyldan soň bir oýunda 9 gol geçirdi. Germaniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Ermenistany 4–1 ýeňip, Hans- Fligiň tälimçiliginde 7 oýunda 7-nji ýeňşini gazandy. Ilki Ermenistany 5–0, soňra öz meýdançasynda Islandiýany 3–1 ýeňen Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyrynda çykyş eder.