Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

15 Noýabr 2021
990

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, 13-nji noýabrda Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen topluma gelip, häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan bedeniniň taplanmagyna, saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir.

«Aşgabat».