Eýranyň ýygyndysyna ýene-de bir ýeňiş ýeterlik

19 Noýabr 2021
717

Aziýa zolagynyň 3-nji tapgyrynyň «A» toparçasynda Eýranyň ýygyndysy myhmançylykda Liwany soňky minutlarda Azmun (90+1) we Nurollahiniň (90+5) gollary bilen 2–1 ýeňdi. Eýranly futbolçylar 2-nji duşuşygynda Siriýany- da 3–0 utdy. Duşuşykda Azmun (33), Hajsafi (42 p) hem-de Golizadeh (89) tapawutlandy. Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Kubogyna gatnaşmagy üçin ýene- de bir ýeňiş ýeterlik bolar. Toparçada Günorta Koreýanyň ýygyndysy- da BAE-ni 1–0 (Hi-çan Hwan 36 p), myhmançylykda Yragy 3–0 (Žae-sun Li 33, Hyn-min Son 74 p, Wu-ýeon Žeon 80) hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. «B» toparçada Awstraliýa bilen golsuz deňlikden soň Saud Arabystanynyň ýygyndysy myhmançylykda Wýetnamy 1–0 hasabynda ýeňip, liderligini dowam etdirdi. Toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy myhmançylykda ilki Wýetnamy, soňra- da Omany 1–0 hasaplar bilen ýeňdi. Bu ýeňişlerden soň 2-nji orna çykan ýaponlaryň 2 goluny- da Ýunýa Ito geçirdi. Saud Arabystanyndan soň Hytaý bilen hem deňme- deň (1–1) oýnan Awstraliýa 3-nji orna düşdi.