Sport syýasatynyň gadamlary

15 Noýabr 2021
863

Bähbitli işleriň bady artýar

Esasy Kanunymyzda kesgitlenilişi ýaly, adam döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasydyr. Türkmen halkynyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan ýurt Baştutanymyz bu möhüm meselede bähbitli çözgütlere badalga berdi. Milli Liderimiziň öňe süren sport syýasatynyň çäklerinde uly işler bitirildi. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we desgalary gurlup, sporta höwesekleriň hyzmatyna berildi. Sport bilen meşgullanmakda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesiniň bize nusgalykdygyny ýatlamalydyrys.