Moto GP-de möwsüm jemlendi

19 Noýabr 2021
943

Moto GP boýunça möwsümiň jemleýji — 18-nji ýaryşy Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirildi. Çempiony ozal belli Moto GP-niň soňky ýaryşynda «Ducati Lenovo » toparynyň italiýaly sürüjisi Françesko Banaia ýeňiş gazandy. Ol 27 aýlawy 41 minut 15,481 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji ýeňşi boldy. Ýaryşda ispaniýaly sürüjiler — «Ducati Pramac Racing» toparyndan Horge Martin bilen «Suzuki Ecstar» toparyndan Žoan Mir 2–3-nji ýerleri eýelediler. Çempionlygyny ozal yglan eden «Monster Energy Yamaha » toparynyň fransiýaly sürüjisi Fabio Kuartararo 5-nji orna mynasyp boldy. Şunlukda, Moto GP boýunça 73-nji möwsüm Fabio Kuar tararonyň (278 utuk) çempionlygy bilen tamamlanyp, Françesko Banaia 2-nji (252 utuk), Žoan Mir 3-nji (208 utuk) orny eýeledi. Rowaýat y sürüji karýeras yny tamamlad y Şeýle- de bu bäsleşik ady rowaýata öwrülen italiýaly meşhur sürüji Walentino Rossiniň karýerasyndaky soňky ýaryşy boldy. Watandaşy Jakomo Agostiniden (8 çempionlyk) soň Moto GP-de iň köp çempionlyk gazanan 2-nji sürüji Walentino Rossi 25 ýyllyk sport karýerasyny tamamlady. 2000-nji ýyldan bäri Moto GP-de bäsleşip gelýän 42 ýaşyndaky Rossi 7 gezek (2001–02–03–04–05–08–09), dünýäniň çempiony boldy. «The Doctor» lakamly sürüji 46 belgili motosikl bilen bäsleşdi. «Honda », «Yamaha », «Ducati» toparlarynda bäsleşen Rossi 372 ýaryşa gatnaşdy. Münbere 199 gezek çykan Rossi 89 bäsleşikde ýeňiş gazanyp, bu ugurda rekordyň eýesidir. Rossi 125cc, 250cc, 500cc we Moto GPde çempionlyk gazanan ýeke- täk sürüjidir. Ol umumylykda 432 «Gran Pride » 115 gezek ýeňiş gazandy.