Tejribe alşyldy

16 Noýabr 2021
1072

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa umumybilim berýän mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady ýaş nesli sporta çekmekden, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, şeýle-de sport mekdeplerinde täze açylan sportuň görnüşlerini wagyz etmekden ybarat boldy. Onuň barşynda agzalan ugurlar boýunça täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş eden hünärmenler hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketine giňden çekmek, türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatynda edýän tagallalary barada aýdyp, ýurdumyzda hereket edýän sport mekdepleridir toplumlarda, sport maksatly beýleki desgalarda munuň üçin ajaýyp şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellediler hem-de sport mekdeplerinde täze açylan ugurlaryň, ýagny sportuň görnüşleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Meýlis DURDYÝEW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.