Sport — saglygyň sakasy

15 Noýabr 2021
827

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäherine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde egindeşleri bilen häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ählumumy pandemiýa şertlerinde СOVID-19 ýokanjyna test barlagyndan geçmek, şeýle hem zyýansyzlandyryş çärelerini yzygiderli geçirmek ýola goýuldy. Munuň özi döwletiň baş baýlygy hasaplanýan ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap bedenterbiýe-sport toplumlarynyň hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň, şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň her biriniň sport meýdançalary, suwda ýüzülýän howuzlar hem-de döwrebap fitnes otaglary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sport binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini alamatlandyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şol gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir.

"Nesil".