"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Aýdyma öwrülen ömür

Magtymguly Myşşyýew 1930-njy ýylyň 3-nji fewralynda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Etrap merkezindäki 1-nji orta mekdepde okap, orta bilim alandan soň, Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär we ony 1959-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Magtymguly şol döwürde çap edilýän ýaşlar gazetinde we «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda, «Türkmenistan» neşirýatynda işleýär. 1962-nji ýyldan ömrüniň ahyryna — 2011-nji ýyla çenli Türkmen radiosynda zähmet çekýär. Magtymguly Myşşyýew döredijilik işine uniwersitetde okap ýören döwürlerinde başlaýar. Şahyr öz döredijiliginde oba durmuşy, zähmet adamynyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri, Watanymyzyň ösüş-özgerişi, tebigat gözelligi, türkmen gelin-gyzlarynyň özboluşly edep-ekramy ýaly temalara aýratyn orun berýär. Magtymguly Myşşyýew diňe bir şahyr hökmünde tanalman, ol prozada döreden ençeme eserleri bilen hem meşhurlyk gazanýar. Dürli ýyllarda onuň «Köpetdagda bahar», «Men sährany söýýärin», «Garagum bilen söhbet», «Başdarak», «Aknuruň agtygy» we «Obadaşlar» atly goşgular we kyssa kitaplary okyjylara gowuşdy.

Ýandepderçedäki ýazgylardan

— Mekdep, maşgala, jemgyýetçilik — bularyň hemmesem birinjiden, ikinjiden... diýip terbiýe berjek bolmaly dälmikä diýýärin. Biziň ähli işimiziň maksady çagalaryň kalbynda dogry we gowy duýgulary oýarmaga gönükdirilen bolmaly. Ynsan zerurlyklarynyň sanawyna girizilen duýgy, höwes, isleg hökman kanagatlandyrylýar. — Türkmen «tamdyra gyzanda ýap» diýýär. Islendik zady hem aýny wagtynda etmek gerek. 1 hepdelik çaganyň terbiýesine girişmedik atanyň 1 hepde gijä galyşy ýaly, biziňem terbiýeçilik işinde käbir zatlary duşumyzdan geçirýän bolmagymyz mümkin. Näme şekil berjek bolsaň, palçyk gatamanka bermeli. «Çül çaga» diýilýän döwür, aýdylyşyna görä, 3 ýaşa çenlimiş. Ondan soň onuň miwesi görnüp ugraýar.

Peder pendine eýeren ussat

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran nusgawy şahsyýetleriň biridir. Ol parasatly şygyrlarynyň üsti bilen türkmen halkyny agzybirlige, jebislige, özara ylalaşykly ýaşamaga çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynyň çuň mazmunly, çeper bolmagynda onuň pederi, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň hyzmaty uludyr. Döwletmämmet molla Magtymgulynyň bilim-sowatly bolmagy üçin tagalla edip, oňa yslam dini, beýleki ylymlar baradaky düşünjelerini artdyrmagyň inçe ýollaryny öwredipdir. Ol diňe bir öz perzendiniň däl, eýsem, obadaşlarynyň hem sowatly, ylym-bilimden habardar bolmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetdir. Azadynyň atalyk borjuny ýerine ýetirip, Magtymgula adamzadyň ömür menzillerinde duş gelýän aňrybaş ahlak hem-de akyl terbiýesini bermekde uly aladalar edendigini onuň şygyrlaryndan duýmak bolýar. Döwletmämmet Azady türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran kämil eseri «Wagzy-azatda» hem nesil terbiýesi hakynda gymmatly pikirlerini beýan edipdir.

Sarpasy belent Pyragy

Söz mülküniň soltany, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň miras galdyran köňül kelamlary dilden-dile geçip, dünýä halklarynyň hakydasynda görnükli orun aldy. Öz halkynyň şöhrat-şanyny arşa galdyran beýik söz ussadyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent sarpasynyň netijesinde, Köpetdagyň eteginde dag ýaly heýkel bina edilip, şahyryň 300 ýyllyk toý-dabarasy ilden-ile ýaýyldy. Şeýdip, «Dünýä poeziýasynyň Elbrusy» hasaplanan bakylygyň şahyry halk söýgüsiniň belent derejesine göterildi. Akyldar şahyryň Jemşidiň jamyna deňelen pähim-parasady dürli dillerde dessan bolup, ähli halklaryň ýüreklerinde ýaşaýar. Şahyra bagyşlanan «Magtymguly —  ylham çeşmesi» atly kitapda dünýäniň belli alymdyr ýazyjy-şahyrlary özleriniň şahyr baradaky gymmatly pikirlerini beýan edýärler. Çingiz Aýtmatowyň: «Taryhyň örän agyr ýoluny geçen halk öz jümmüşinden ady adamzat paýhasynyň äpetleriniň atlary bilen bir hatarda durjak şahyry hem-de akyldary döretdi. Wawilon daş basmalaryndan başlap, biziň günlerimiziň eserlerine çenli adamzat paýhasynyň miweleri toplanan 200 tomluk «Dünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» Gündogar poeziýasy kitabynda Magtymgulynyň lirikasyna-da uly orun berlendigi tötänden däldir. Onuň ady bilen baglanyşykly täzeden döreýiş Gündogaryň goňşy halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasy, umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi Watan, il-halk, dost–doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek, agzybirlik baradaky parasatly pikir-garaýyşlary özünde jemleýär. Şanly senelere beslenýän ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy milli mirasymyza sarpany artdyrmakdan, şahyryň eserlerini ýaş nesle öwretmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki hezreti Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da öçmejek yz galdyran şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde şugla saçýan parlak ýyldyzdyr. Onuň bize galdyran edebi mirasynyň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

Toýuň toýlanýar uludan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda beýik şahsyýetlerimiziň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmek, aýawly saklamak, şeýle hem pähim-paýhasa ýugrulan many-mazmunyny dünýä ýaýmak babatda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana kalbyndan joşup çykan ajaýyp şygryndan ugur alnyp atlandyrylan şanly ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Kararyna laýyklykda geçirilýän dabaralar, maslahatlar, dürli bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren dana şahyrymyzyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň nuruna öwrülip, nesilden-nesle dowam edip, barha rowaçlanýar. Halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp zamanamyzda dünýä ýüzüne wagyz edilmeginde şahyrymyzyň gyzyldan gymmatly eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Adalatlylygy, halkyň agzybirligini we jebisligini hem-de ýurt garaşsyzlygyny, berkararlygyny ömürboýy arzuw eýläp ýaşan dana şahyrymyzyň bu günki günde ähli arzuwlary hasyl boldy. Bu ajaýyp döwrümizde şahyr atamyzyň nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi saýy

Ruhy hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, şöhratly taryhynyň nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen has täsirli beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ynsan mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Halkymyzyň Milli Lideriniň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Bu babatda kitapda şeýle bellenilýär: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şunda adamlaryň ukyplary,  zehini,  mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek».

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Pyragynyň goşgulary Alyp bilene akyldyr,Pyragynyň goşgulary.Göýä, durşuna nakyldyr,Pyragynyň goşgulary.

Algyn pendim, jigerbendim!

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar Göwün üçin köp zat gerek däl. Ol ýekeje söz bilen ganatlanyp, al-asmana perwaz edýär. Emma ýekeje jümläniň edil peýkam ýaly ony ýaraty edip, uçutdan gaýdyrmagy hem ahmal. Islendik ýagdaýda-da, ilki bilen, ýürek duýýar.

Kitap okamak barada

Kitap okan gullar magnydan dokdur. Magtymguly Pyragy.

Pyragy

Heňňamlardan aşyp gelýän Pyragy, Bu seniň arzuwlan ajap zamanaň.

Sargyt

Hawa, şol gün birhili ir ertirden aladaly oýandym. Näme üçindigini biljek däl, ýüregim telwaslanyp, enem ýadyma düşdi. Aslynda, meniň çala ýiten ýadymda mährem käbäm hakynda pikir etmedik ýekeje günüm ýok hem bolsa, bu gezek onuň ýadyma düşüşi üýtgeşik boldy. Agyr urşuň gutaranyna tas on ýyla golaý wagt geçenden soň hakyda nazaryýetiniň bu synagynyň nämäniň alamatydygyna hiç akyl ýetirip bilemokdym. Şol geçen on ýylyň bäş ýylyny bütinleý ýiten ýadymy kem-kesleýin bolsa-da dikeltjek bolup geçiripdim. Soňky bäş ýylynda bolsa, çala huşsuz halyma Orsýetiň ol şäherinden beýlekisine selpedim. Ýoluma göz dikip oturan enem pahyryň dünýesini täzelänini Ýeňiş gününiň öň ýanynda eşidenim çala hakydama gelýär. Ondan başga meni dereklejek adam ýokdy. Şeýdip sergezdan bolup ýörşüme bir günem hassahanada ýatan döwrümde maňa esewan bolan rus zenanyna sataşdym. Biz onuň bilen ýürekdeş hem dertdeş bolup çykdyk. Ol hem edil meniň ýaly obasynda özüne hiç kimiň garaşmaýandygyny aýdyp, ýüregini gowzatdy. Soň biz onuň bilen gaýdyp aýrylyşmadyk. Maşgala bolanymyza bir ýyl geçip geçmänkä-de dogduk mekanyň sedasy ýaraly ýüregi özüne tarap dolady. Biz maşgala bolup ata Watana göçüp geldik. Garypja külbäni zordan tapyp, tertibe salyp, maşgalam bilen äbe-jüýje bolup ýaşap başladyk. Herimiz bir ýere işe durduk. Özümi birahatlandyran bu ýagdaýa içimden telim ýola «estagfirullah» diýip, maşgalamy hem alyp, ş

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Hawa, halkymyzyň arasynda uzak asyrlaryň içinden geçip, adamlaryň aňyna ornan tymsallaryň arasynda Hatamtaý barada hem gyzykly hekaýatlar bar. Hatamtaýyň juda jomart adamdygyny düşündirmegiň zerurlygy ýok. Tymsalda beýan edilmegine görä, bir baý adamyň oňa gözi gidipdir. «Näme üçin hemme adamlar Hatamtaýy gowy görýärler, onuň sahylygyny taryplaýarlar. Onuňam bizden üýtgeşik sahylygy ýokdur. Men onuň öýüne myhman bolup göreýin hem iň gowy görýän zadyny — bedewini soraýyn. Şonda näderkä?!» diýipdir-de, ýoldaşlaryny alyp, ýola düşüpdir. Ol Hatamtaý bedewini bermez diýip, öz ýanyndan ondan üstün çykjagyna begenipdir. Birdenem howa bulaşyp, töwerek saýgarar ýaly bolmandyr. Olar çölüň içinde ýollaryny ýitiripdirler. Ýollaryny saýgarman köp kösenipdirler, ahyrynda olar özlerini zordan gala atypdyrlar. Nätanyş ýerleri bolandygy üçin, näme etjeklerini bilmän durkalar hem, ýagyş guýmaga başlaýar. Olar alaçsyzlykdan bir gapyny kakýarlar. Öý eýesi açyk göwünlilik bilen bulary garşy alýar. Olara ýyly otagdan ýer berip, eşiklerini guratmaga mümkinçilik döredýär. Tizara hem söwüşlik dowaryny taýyn edip, ony pudarlap ýetişýär. Nahar taýýar bolýar. Olar hezil edinip dynç alýarlar, öý eýesiniň eden hezzetinden örän hoşal bolýarlar. Şondan soň öý eýesi biraz özlerini tutan myhmanlarynyň habaryny diňleýär. Baý oňa: — Maňa Hatamtaý diýilýän adamyň öýüni görkezäýseň. Şony idäp ýola çykypdym — diý

Paýhas çeşmesinden

■ Ozal işe başlama, başladyňmy taşlama. ■ Sabyr eden, myradyna ýeter.

Alymlara uýsaň, açylar gözüň

Halkymyzda asyrlarboýy Watany söýmek, ony goramak, oňa wepaly bolmak mukaddes borç hem parz hasaplanyp gelnipdir. Şu jähetden, Watan hakynda söz açmadyk şahyr ýa-da ýazyjy ýok bolsa gerek. Edil şonuň ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem watançylygy, gahrymançylygy, mertligi, dostlugy ündeýän goşgular görnükli orny eýeleýär. Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

Atany söýen, Watany söýer

Perzendiň aňynda, kalbynda atanyň sylag-hormaty beýik bolýar. Şol beýikligem ynsanyň atasyna bolan söýgüsini mukaddeslik derejesine göterýär. Çagalykdan başlap, atanyň ähli hereketine meňzemäge çalşylýar. Atanyň häsiýetine, özüni alyp barşyna, öý-hojalygy, maşgalany dolandyryşyna üns bilen garalýar. Atanyň orny apalanyp, aňa-da, ýürege-de onuň howandardygy, ruhy söýgetdigi ebedi ynam bilen ýazylýar. Megerem, şonuň üçin-de, türkmen aga «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy», «Ata dünýäsi ogla gönezlik», «Perzende ata gorgan, ene — gurban», «Ata alkyşy — altyn» ýaly atalar sözleridir nakyllary döredendir. Niçikmi, bu jümleleri okanymyzda, ýüregimiz ýigdelip, makullaýjylyk bilen başymyzy atýarys. Halkdyr milletiň kalby çeper edebiýatyna siňýär. Çyn eserleriň kalp çuňlugyndan gaýdyp, adamzat hakydasyna ornaýandygyny göz öňüne tutsak, bu tebigy bolaýmaly ýagdaý. Ine, gadymy döwürlerden bäri ýazylyp, dilden-dile geçip gelýän halk döredijilik eserlerimizden başlap, nusgawy hem-de häzirki döwür edebiýatymyzyň mazmunynda, maňzynda hem ata bolan sylag-sarpanyň belent beýany bar. Bu sarpalanmanyň astynda halkymyzda atanyň Kybla deňelýändigine bolan çyn buýsanjyň täsiriniň bardygyna ynansa bolar. Edebiýatyň dilinde atanyň ogla öwüt-nesihatlaryna, ataly-ogluň özara gürrüňlerine ýugrulan sýužet-ýordumyň ýaşaýandygyna esasy gürrüňimizi syrykdyralyň!

Awaza — bagtyň mesgeni

Ganat baglap, uçup geldim gaşyňa,Dilde dessan eýläp eziz ismiňi.Şat edip, ýaş goşduň juwan ýaşyma,Awaza — eý, bagtyň, söýgiň mesgeni! Bu gün buýsanjymyň ýok çaky-çeni,Gursaga syganok yşkym, ylhamym.Synlap deňsiz-taýsyz gözelligiňi,Saýdym seni päk kalbyma melhemim.

Senli ýatlamalarymyň ýumagyndan

Şäherden mähriban obamyza ugradym. Ulagyň aýnasyndan, tebigatyň gözelliklerini synlap barşyma göwnüm göterilýär. Ýaşlyk joşgunymy, çagalygymyň geçen ýerleri bolan mähriban obama barýanymdanmy nämemi garaz, meni üýtgeşik bir şatlyk gurşap alypdy. Ulagda pessaý ýaňlanýan aýdymy diňläp, täsin baýyrlara seredip barşyma, umman ýaly gözleriň göz öňümde janlandy. Bir günem ajaýyp günleriň birinde, joralarym bilen ýaşyl baýyrlara seýle gidipdik. Joşgunly akyp duran derýanyň kenaryna baryp, gyzlar bilen uly şowhun bolup gaýyga münüpdik. Ýöne gyzlaryň hiç birem gaýyk kürekläp bilmänsoň, kimdir birini kömege çagyrmaly bolupdy. Töwerekde-de hiç kim görünenokdy. Onýança hol kenaryň gyrasynda atyny suwa ýakyp duran bir ýigit göründi. Ol oglan bize barha golaýlaşanda, ýüregim üýtgeşik röwüşde gürsüldedi. Bu sendiň! Şol pursat seni görenimde ýüzüm lap-lap gyzyp, gabaklarymy ýerden galdyrman durupdym. Dessine-de bize kömek etmäge döwtalap bolduň. Seniň gürrüňleriňe joralarymyň hersi bir zat diýip gülüşýärdi. Men bolsa dymyp barýardym. Gaýygy kürekläp barşyňa, menden gözüňi aýraňokdyň. Joralarym bolsa bu bakyşlardan bihabardy. Olar gaýykda oturyşlaryna aýdym aýdyp, suw damjalaryny aýalarynda oýnadyp, biri-birege suw sepişip gülüşýärdiler. Gürrüňiň arasynda sözlerimi makullanyň üçin joralarymyň gözleri maňa gezeldi. Ana, şonda olar seniň maňa bolan söýgiňi biläýjek ýaly bolup çekinipdim. Garaz,

Başda bellidir

Bolajak ýigit ýaşlykdan, Ol owwal başda bellidir.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

BAGTYNY GARALTJAK-DA? Şahyr Amandurdy Annadurdy (Sary bilbil) belli bir edarada mekan tutman, ol işden ol işe göçer ýörer ekeni. 1980-nji ýylda ol Aşgabatdan gelip, Maryda welaýat radiokomitetinde işe başlap, 1-2 aýdan soň Aşgabada baranda degişmek üçin Hallygözel ýeňňä şeýle diýipdir: