Ýandepderçedäki ýazgylardan

22 Awgust 2024
99

— Mekdep, maşgala, jemgyýetçilik — bularyň hemmesem birinjiden, ikinjiden... diýip terbiýe berjek bolmaly dälmikä diýýärin. Biziň ähli işimiziň maksady çagalaryň kalbynda dogry we gowy duýgulary oýarmaga gönükdirilen bolmaly. Ynsan zerurlyklarynyň sanawyna girizilen duýgy, höwes, isleg hökman kanagatlandyrylýar.

— Türkmen «tamdyra gyzanda ýap» diýýär. Islendik zady hem aýny wagtynda etmek gerek. 1 hepdelik çaganyň terbiýesine girişmedik atanyň 1 hepde gijä galyşy ýaly, biziňem terbiýeçilik işinde käbir zatlary duşumyzdan geçirýän bolmagymyz mümkin. Näme şekil berjek bolsaň, palçyk gatamanka bermeli. «Çül çaga» diýilýän döwür, aýdylyşyna görä, 3 ýaşa çenlimiş. Ondan soň onuň miwesi görnüp ugraýar.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.