«Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di

15 Sentýabr 2024
23

«7/24.tm»:№38 (22516.09.2024

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 6-njy sent­ýabr­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir.