Ynsanperwerligiň beýik waspçysy

21 Awgust 2024
133

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasy, umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi Watan, il-halk, dost–doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek, agzybirlik baradaky parasatly pikir-garaýyşlary özünde jemleýär.

Şanly senelere beslenýän ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy milli mirasymyza sarpany artdyrmakdan, şahyryň eserlerini ýaş nesle öwretmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki hezreti Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da öçmejek yz galdyran şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde şugla saçýan parlak ýyldyzdyr. Onuň bize galdyran edebi mirasynyň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.

Toýly OŇALOW,
ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Akdepe etrap geňeşiniň hasapçysy.