Atany söýen, Watany söýer

21 Awgust 2024
124

Perzendiň aňynda, kalbynda atanyň sylag-hormaty beýik bolýar. Şol beýikligem ynsanyň atasyna bolan söýgüsini mukaddeslik derejesine göterýär. Çagalykdan başlap, atanyň ähli hereketine meňzemäge çalşylýar. Atanyň häsiýetine, özüni alyp barşyna, öý-hojalygy, maşgalany dolandyryşyna üns bilen garalýar. Atanyň orny apalanyp, aňa-da, ýürege-de onuň howandardygy, ruhy söýgetdigi ebedi ynam bilen ýazylýar. Megerem, şonuň üçin-de, türkmen aga «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy», «Ata dünýäsi ogla gönezlik», «Perzende ata gorgan, ene — gurban», «Ata alkyşy — altyn» ýaly atalar sözleridir nakyllary döredendir. Niçikmi, bu jümleleri okanymyzda, ýüregimiz ýigdelip, makullaýjylyk bilen başymyzy atýarys.

Halkdyr milletiň kalby çeper edebiýatyna siňýär. Çyn eserleriň kalp çuňlugyndan gaýdyp, adamzat hakydasyna ornaýandygyny göz öňüne tutsak, bu tebigy bolaýmaly ýagdaý. Ine, gadymy döwürlerden bäri ýazylyp, dilden-dile geçip gelýän halk döredijilik eserlerimizden başlap, nusgawy hem-de häzirki döwür edebiýatymyzyň mazmunynda, maňzynda hem ata bolan sylag-sarpanyň belent beýany bar. Bu sarpalanmanyň astynda halkymyzda atanyň Kybla deňelýändigine bolan çyn buýsanjyň täsiriniň bardygyna ynansa bolar. Edebiýatyň dilinde atanyň ogla öwüt-nesihatlaryna, ataly-ogluň özara gürrüňlerine ýugrulan sýužet-ýordumyň ýaşaýandygyna esasy gürrüňimizi syrykdyralyň!

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.