«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

21 Awgust 2024
160

Toýuň toýlanýar uludan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda beýik şahsyýetlerimiziň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmek, aýawly saklamak, şeýle hem pähim-paýhasa ýugrulan many-mazmunyny dünýä ýaýmak babatda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana kalbyndan joşup çykan ajaýyp şygryndan ugur alnyp atlandyrylan şanly ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Kararyna laýyklykda geçirilýän dabaralar, maslahatlar, dürli bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren dana şahyrymyzyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň nuruna öwrülip, nesilden-nesle dowam edip, barha rowaçlanýar. Halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp zamanamyzda dünýä ýüzüne wagyz edilmeginde şahyrymyzyň gyzyldan gymmatly eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Adalatlylygy, halkyň agzybirligini we jebisligini hem-de ýurt garaşsyzlygyny, berkararlygyny ömürboýy arzuw eýläp ýaşan dana şahyrymyzyň bu günki günde ähli arzuwlary hasyl boldy. Bu ajaýyp döwrümizde şahyr atamyzyň nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi saýylýan şygyrlary many-mazmun taýdan öz gymmatyny barha artdyrýar. Magtymguly atamyz öz dogduk mekanyny jan-tenden söýen şahyr. Ol türkmen tebigatynyň gymmatlygyny birkemsiz wasp edipdir. Akyldar şahyryň «Türkmeniň» goşgusynda:

Gözel SEÝIDOWA,
«Daşoguz habarlary».