Alymlara uýsaň, açylar gözüň

21 Awgust 2024
125

Halkymyzda asyrlarboýy Watany söýmek, ony goramak, oňa wepaly bolmak mukaddes borç hem parz hasaplanyp gelnipdir. Şu jähetden, Watan hakynda söz açmadyk şahyr ýa-da ýazyjy ýok bolsa gerek. Edil şonuň ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem watançylygy, gahrymançylygy, mertligi, dostlugy ündeýän goşgular görnükli orny eýeleýär.

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

Döwran GULLYÝEW,
çagyryş boýunça harby gullugyň esgeri.