Sarpasy belent Pyragy

21 Awgust 2024
162

Söz mülküniň soltany, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň miras galdyran köňül kelamlary dilden-dile geçip, dünýä halklarynyň hakydasynda görnükli orun aldy. Öz halkynyň şöhrat-şanyny arşa galdyran beýik söz ussadyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent sarpasynyň netijesinde, Köpetdagyň eteginde dag ýaly heýkel bina edilip, şahyryň 300 ýyllyk toý-dabarasy ilden-ile ýaýyldy. Şeýdip, «Dünýä poeziýasynyň Elbrusy» hasaplanan bakylygyň şahyry halk söýgüsiniň belent derejesine göterildi. Akyldar şahyryň Jemşidiň jamyna deňelen pähim-parasady dürli dillerde dessan bolup, ähli halklaryň ýüreklerinde ýaşaýar. Şahyra bagyşlanan «Magtymguly —  ylham çeşmesi» atly kitapda dünýäniň belli alymdyr ýazyjy-şahyrlary özleriniň şahyr baradaky gymmatly pikirlerini beýan edýärler.

Çingiz Aýtmatowyň: «Taryhyň örän agyr ýoluny geçen halk öz jümmüşinden ady adamzat paýhasynyň äpetleriniň atlary bilen bir hatarda durjak şahyry hem-de akyldary döretdi. Wawilon daş basmalaryndan başlap, biziň günlerimiziň eserlerine çenli adamzat paýhasynyň miweleri toplanan 200 tomluk «Dünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» Gündogar poeziýasy kitabynda Magtymgulynyň lirikasyna-da uly orun berlendigi tötänden däldir. Onuň ady bilen baglanyşykly täzeden döreýiş Gündogaryň goňşy halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi, çünki türkmen halkynyň gahrymanlary Pyragynyň sözleri bilen aldym-berdimli söweşlere girdiler. Çaganyň dünýä inen şatlykly pursatlaryny şol sözler bilen garşyladylar we adam ölüminiň gamgynlygyna şol sözler bilen agladylar, onuň täsirli setirleri aşyklaryň ýüreklerini joşgun bilen gurşap alýardy. Biziň döwürdeşlerimiziň ýene-de birnäçesi ynsanperwer, filosof şahyryň ajaýyp setirleriniň üsti bilen özleriniň kimdigine düşüner!»  diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň özünden soňky şahyrlaryň döredijiligi üçin ylham çeşmesi bolandygyny nygtamak gerek.

Saparmyrat TUWAKOW,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň müdiri.