Sargyt

21 Awgust 2024
130

Hawa, şol gün birhili ir ertirden aladaly oýandym. Näme üçindigini biljek däl, ýüregim telwaslanyp, enem ýadyma düşdi. Aslynda, meniň çala ýiten ýadymda mährem käbäm hakynda pikir etmedik ýekeje günüm ýok hem bolsa, bu gezek onuň ýadyma düşüşi üýtgeşik boldy. Agyr urşuň gutaranyna tas on ýyla golaý wagt geçenden soň hakyda nazaryýetiniň bu synagynyň nämäniň alamatydygyna hiç akyl ýetirip bilemokdym. Şol geçen on ýylyň bäş ýylyny bütinleý ýiten ýadymy kem-kesleýin bolsa-da dikeltjek bolup geçiripdim. Soňky bäş ýylynda bolsa, çala huşsuz halyma Orsýetiň ol şäherinden beýlekisine selpedim. Ýoluma göz dikip oturan enem pahyryň dünýesini täzelänini Ýeňiş gününiň öň ýanynda eşidenim çala hakydama gelýär. Ondan başga meni dereklejek adam ýokdy. Şeýdip sergezdan bolup ýörşüme bir günem hassahanada ýatan döwrümde maňa esewan bolan rus zenanyna sataşdym. Biz onuň bilen ýürekdeş hem dertdeş bolup çykdyk. Ol hem edil meniň ýaly obasynda özüne hiç kimiň garaşmaýandygyny aýdyp, ýüregini gowzatdy. Soň biz onuň bilen gaýdyp aýrylyşmadyk. Maşgala bolanymyza bir ýyl geçip geçmänkä-de dogduk mekanyň sedasy ýaraly ýüregi özüne tarap dolady. Biz maşgala bolup ata Watana göçüp geldik. Garypja külbäni zordan tapyp, tertibe salyp, maşgalam bilen äbe-jüýje bolup ýaşap başladyk. Herimiz bir ýere işe durduk.

Özümi birahatlandyran bu ýagdaýa içimden telim ýola «estagfirullah» diýip, maşgalamy hem alyp, şükürlilik bilen işe ugradym. Iş güni gutaryp, öýe gaýtjak bolup durkak otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky türkmen zenany ýanymyza geldi. Ol uzyn boýly, saryýagyzdan gelen görmegeý zenandy. Ol edep bilen bize salam berip, maňa ýüzlendi:

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
ýazyjy.