Senli ýatlamalarymyň ýumagyndan

21 Awgust 2024
112

Şäherden mähriban obamyza ugradym. Ulagyň aýnasyndan, tebigatyň gözelliklerini synlap barşyma göwnüm göterilýär. Ýaşlyk joşgunymy, çagalygymyň geçen ýerleri bolan mähriban obama barýanymdanmy nämemi garaz, meni üýtgeşik bir şatlyk gurşap alypdy. Ulagda pessaý ýaňlanýan aýdymy diňläp, täsin baýyrlara seredip barşyma, umman ýaly gözleriň göz öňümde janlandy.

Bir günem ajaýyp günleriň birinde, joralarym bilen ýaşyl baýyrlara seýle gidipdik. Joşgunly akyp duran derýanyň kenaryna baryp, gyzlar bilen uly şowhun bolup gaýyga münüpdik. Ýöne gyzlaryň hiç birem gaýyk kürekläp bilmänsoň, kimdir birini kömege çagyrmaly bolupdy. Töwerekde-de hiç kim görünenokdy. Onýança hol kenaryň gyrasynda atyny suwa ýakyp duran bir ýigit göründi. Ol oglan bize barha golaýlaşanda, ýüregim üýtgeşik röwüşde gürsüldedi. Bu sendiň! Şol pursat seni görenimde ýüzüm lap-lap gyzyp, gabaklarymy ýerden galdyrman durupdym. Dessine-de bize kömek etmäge döwtalap bolduň. Seniň gürrüňleriňe joralarymyň hersi bir zat diýip gülüşýärdi. Men bolsa dymyp barýardym. Gaýygy kürekläp barşyňa, menden gözüňi aýraňokdyň. Joralarym bolsa bu bakyşlardan bihabardy. Olar gaýykda oturyşlaryna aýdym aýdyp, suw damjalaryny aýalarynda oýnadyp, biri-birege suw sepişip gülüşýärdiler. Gürrüňiň arasynda sözlerimi makullanyň üçin joralarymyň gözleri maňa gezeldi. Ana, şonda olar seniň maňa bolan söýgiňi biläýjek ýaly bolup çekinipdim. Garaz, şol gün gyzyl gülälekli giň ýaýlalara seýil edipdik. Senem depäniň üstündäki çopan goşuna baryp, dostuň ýanynda oturyp, bizden gözüňi aýyrman seredýärdiň. Seniň ol bakyşlaryňy bir men bilýärdim.

Bahar TOSYÝEWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Owaz» radioýaýlymynyň alyp baryjysy.