Ruhy hazyna

21 Awgust 2024
129

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, şöhratly taryhynyň nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen has täsirli beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar.

Kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ynsan mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Halkymyzyň Milli Lideriniň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Bu babatda kitapda şeýle bellenilýär: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şunda adamlaryň ukyplary,  zehini,  mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek».

Gülälek DURDYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.