Aýdyma öwrülen ömür

22 Awgust 2024
99

Magtymguly Myşşyýew 1930-njy ýylyň 3-nji fewralynda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Etrap merkezindäki 1-nji orta mekdepde okap, orta bilim alandan soň, Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär we ony 1959-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Magtymguly şol döwürde çap edilýän ýaşlar gazetinde we «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda, «Türkmenistan» neşirýatynda işleýär. 1962-nji ýyldan ömrüniň ahyryna — 2011-nji ýyla çenli Türkmen radiosynda zähmet çekýär.

Magtymguly Myşşyýew döredijilik işine uniwersitetde okap ýören döwürlerinde başlaýar. Şahyr öz döredijiliginde oba durmuşy, zähmet adamynyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri, Watanymyzyň ösüş-özgerişi, tebigat gözelligi, türkmen gelin-gyzlarynyň özboluşly edep-ekramy ýaly temalara aýratyn orun berýär. Magtymguly Myşşyýew diňe bir şahyr hökmünde tanalman, ol prozada döreden ençeme eserleri bilen hem meşhurlyk gazanýar. Dürli ýyllarda onuň «Köpetdagda bahar», «Men sährany söýýärin», «Garagum bilen söhbet», «Başdarak», «Aknuruň agtygy» we «Obadaşlar» atly goşgular we kyssa kitaplary okyjylara gowuşdy.