Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

21 Awgust 2024
76

...Hawa, halkymyzyň arasynda uzak asyrlaryň içinden geçip, adamlaryň aňyna ornan tymsallaryň arasynda Hatamtaý barada hem gyzykly hekaýatlar bar. Hatamtaýyň juda jomart adamdygyny düşündirmegiň zerurlygy ýok. Tymsalda beýan edilmegine görä, bir baý adamyň oňa gözi gidipdir. «Näme üçin hemme adamlar Hatamtaýy gowy görýärler, onuň sahylygyny taryplaýarlar. Onuňam bizden üýtgeşik sahylygy ýokdur. Men onuň öýüne myhman bolup göreýin hem iň gowy görýän zadyny — bedewini soraýyn. Şonda näderkä?!» diýipdir-de, ýoldaşlaryny alyp, ýola düşüpdir. Ol Hatamtaý bedewini bermez diýip, öz ýanyndan ondan üstün çykjagyna begenipdir. Birdenem howa bulaşyp, töwerek saýgarar ýaly bolmandyr. Olar çölüň içinde ýollaryny ýitiripdirler. Ýollaryny saýgarman köp kösenipdirler, ahyrynda olar özlerini zordan gala atypdyrlar. Nätanyş ýerleri bolandygy üçin, näme etjeklerini bilmän durkalar hem, ýagyş guýmaga başlaýar. Olar alaçsyzlykdan bir gapyny kakýarlar. Öý eýesi açyk göwünlilik bilen bulary garşy alýar. Olara ýyly otagdan ýer berip, eşiklerini guratmaga mümkinçilik döredýär. Tizara hem söwüşlik dowaryny taýyn edip, ony pudarlap ýetişýär. Nahar taýýar bolýar. Olar hezil edinip dynç alýarlar, öý eýesiniň eden hezzetinden örän hoşal bolýarlar. Şondan soň öý eýesi biraz özlerini tutan myhmanlarynyň habaryny diňleýär. Baý oňa:

— Maňa Hatamtaý diýilýän adamyň öýüni görkezäýseň. Şony idäp ýola çykypdym — diýip, gürrüň bermäge başlaýar. Öý eýesi onuň ähli aýdanlaryny diňläp: