Peder pendine eýeren ussat

22 Awgust 2024
119

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran nusgawy şahsyýetleriň biridir. Ol parasatly şygyrlarynyň üsti bilen türkmen halkyny agzybirlige, jebislige, özara ylalaşykly ýaşamaga çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynyň çuň mazmunly, çeper bolmagynda onuň pederi, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň hyzmaty uludyr.

Döwletmämmet molla Magtymgulynyň bilim-sowatly bolmagy üçin tagalla edip, oňa yslam dini, beýleki ylymlar baradaky düşünjelerini artdyrmagyň inçe ýollaryny öwredipdir. Ol diňe bir öz perzendiniň däl, eýsem, obadaşlarynyň hem sowatly, ylym-bilimden habardar bolmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetdir. Azadynyň atalyk borjuny ýerine ýetirip, Magtymgula adamzadyň ömür menzillerinde duş gelýän aňrybaş ahlak hem-de akyl terbiýesini bermekde uly aladalar edendigini onuň şygyrlaryndan duýmak bolýar. Döwletmämmet Azady türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran kämil eseri «Wagzy-azatda» hem nesil terbiýesi hakynda gymmatly pikirlerini beýan edipdir.

Mekan HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.