"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«e-Mekdep» ulgamy — döwrebap ösüşde täze ädim

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen, orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «e-Mekdep» platformasy işläp başlady. Elektron mekdep dolandyryş ulgamynyň maksady «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 4-nji martyndaky Kararyndan, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky Permanyndan, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Kararyndan we beýleki degişli resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, mekdep ýolbaşçylaryna usuly kömek bermekden, olaryň iş resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmakdan hem-de okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ugur alýar.

Daýanç nokady

Islendik närsäniň öz daýanç nokady bolýar. Hatda fizika ylmynyň ägirdi goja Arhimed hem «Maňa daýanç nokadyny beriň, Ýeri çepbe çöwreýin» diýen eken... Ynsan belli bir käriň abyny-tabyny ele alsa, oňa ömür örküni baglasa, aýagy ýer tutup, daýanany abraý-mertebe bolar eken. Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Baýramgeldi Myradow hem bu asylly käri durmuşynyň daýanç nokadyna öwrenleriň biri.

Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Perhat BAGTYÝAROW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, agyr atletika boýunça sport ussady, milli ýygyndy toparyň agzasy:

Ösüşleriň we özgerişleriň nusgalyk binýady

Bilim bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, parasatly halkymyz öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilmegi, täze bilim ojaklarynyň açylmagy bolsa milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bilimli ýaşlar — döwrüň buýsanjy

Şöhratly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralar, taryha müdimi möhürlenen wakalar bilen garşy alyndy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar ýaşlar üçin bilimler ummanyna çuňňur aralaşmaga çagyryş bolup ýaňlandy. Şu şatlykly pursatlarda ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagtyna miýesser bolan ýaşlaryň ýüzlerçesi redaksiýamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, bize ýürek buýsançlaryny ibermeklerini dowam edýärler. Olaryň joşgunly kalplaryndan çykýan sözler ajaýyp döwrümize şan berýär.

Arzuwymyz hasyl boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi ýokary okuw mekdepleriniň talyby boldy. Biz hem arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris: Yhlas GOÇYÝEW,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Golaýda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – bilim ulgamynyň rowaç, ösüşli ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar we gazanylýan üstünlikler hakynda nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýan milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygy hakynda buýsançly söhbet edildi. Çykyş edenler ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym dünýäsinde uly üstünlikler gazanmagy babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Bedenterbiýe we sport — kämillige badalga

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenleri, tälimçileri, beýleki degişli hünärmenleri hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eziz Diýarymyzyň ençeme nesillerine bedenterbiýe we sport ugrundan bilim-terbiýe berip, ussat bedenterbiýe mugallymlarynyň, sportuň görnüşleri boýunça tälimçileriň müňlerçesini ýetişdirdi. Ýokary okuw mekdebinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sport abraýyna mynasyp goşant goşýan, halkara ýaryşlarda Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan ezber türgenleriň ençemesi kemala geldi.

Ömür menzilinde ýakymly sene

Ynsan durmuşyny bezeýän biri-birinden ähmiýetli, biri-birinden şatlykly seneler sanardan kän. Şol seneleriň içinde aýratyn bir sene seni ömrüň her tapgyrynda özboluşly röwüş bilen garşylap, saňa täzeden-täze bagt eçilýär. 1-nji sentýabr! Meniň ak mekdebe tolgundyryjy hem şatlykly duýgular bilen ilkinji gezek gadam basan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň mähriban mekdebimiň gujagyndan uçurym bolup, ganat ýaýyp, öz arzuwymdaky ýokary okuw jaýyna gelip gonan günüm! 1-nji sentýabr! Meniň her günümi ynsan saglygyny goramagyň maksady bilen ýaşap, degişli bilim alyp, öz okan ýokary okuw mekdebimiň bosagasyndan mugallym bolup buýsanç bilen ätlemegime şaýat bolan gün! Mende seniň bilen bagly süýji ýatlamalar, näçe diýseň köp?! Bagtyýar ene hökmünde bu gün men öz ýatlamalarymyň üstüni bu taryhy senede balajyklarymyň gül çemenli elinden tutup, ak mekdebe eltmegim bilen dolduryp bilýändigimi hem begene-begene aýdasym gelýär. Nesip bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleriniň birinde perzentlerime öz arzuwlan ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talyplary bolmak bagty hem miýesser eder. Şonda men olaryň begençden ýaňa lowurdaýan gözlerine seredip, öz ýanymdan güýz paslynyň her bir ynsan üçin neneňsi şatlykly hem arzyly gündügini ýene bir gezek tassyklaryn. Şeýde-şeýde bu ýatlamalaryň yzy agtyk-çowluklarymyzyň şatlygyna şärik bolmagymyz bilen utgaşyp, hemişelik dowam

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Şageldi SALYHOW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

Gadamyň batly, ädimiň şowly bolsun!

Mekdep möwsüminiň başlanmagy bilen, alty ýaşyny dolduran körpejeler çagalar baglary bilen hoşlaşyp, ak mekdeplere gadam basdylar. Ýaş nesli sagdyn, bilimli, ruhubelent, watansöýüji edip ýetişdirmekde hormatly mugallymlaryň we ene-atanyň orny uludyr. Çagalar köp zady bilesi gelip, okuwa uly höwes bilen gatnaýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen olaryň gün tertibi, iýmiti, dynç alşy düýpgöter üýtgeýär. Mekdebe ilkinji gezek gadam basmak bilen, öwrülişikli pursady başdan geçirýän çagalaryň ruhy we beden saglygyny goramak, mekdebiň gün tertibine öwrenişdirmek birbada kynrak düşýär. Şeýle-de bolsa, çaganyň gün tertibiniň dogry guralmagyny, onuň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, ýeterlik dynç almagyny, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegini gazanmak zerurdyr. Bu babatdan, mugallymlar, ene-atalar çaga täze durmuşa uýgunlaşmaga, özgerişlikleri kabul etmäge kömek bermelidirler. Mekdep ýaşyndaky çagalaryň oňurga süňküniň doly bekeşmeýänligi sebäpli, göwre durşunyň nädogrulygy, esasan hem, mekdep döwründe ýüze çykýar. Çaganyň oturgyçda dogry oturmaklygyň düzgünlerini bilmezligi, doly we dogry berjaý etmezligi ýaşlykdan çagalaryň oňurgalarynyň gyşyk ösmegine, oňurga süňkleriniň gurluşynyň näsazlyklary bilen bilelikde, içki agzalaryň işleriniň bozulmagyna, netijede, dürli keselleriň ýüze çyk

Bilim — bagtyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanynda: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer» diýip belleýär. Nesilleri belent derejelere göterjek goşa ganat bolsa watansöýüjilik hem-de ylym-bilimdir. Ylym-bilimiň halkyň ýaşaýşynda tutýan orny babatda Gahryman Arkadagymyz çuňňur parasatlylyk bilen: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip belleýär. Dogrudan-da, milletiň baky bagtyýarlygynyň kökleri-de, ýagty geljeginiň aýdyň şuglasy-da, ilkinji nobatda, ylym-bilimden gözbaş alýar.

Röwşen geljegimiziň aladasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy. Ak bugdaý etrabynyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri-de şol şatlyky günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagydyr. Döwrebap bilim ojagynda ýaş nesliň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi babatynda ajaýyp şertleriň göz öňüne tutulmagy, okuw otaglarynyň okatmagyň iň häzirki zaman enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi her birimizi buýsandyrýar.

Nesilleriň merdanalyk mekdebi

«Bu Watan şeýlebir mukaddes Watan»... Golaýda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşynda teatr ussatlarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda ýaňlanan bu ganatly sözler dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen iki ýyl mundan ozal düýbi tutulan döwrebap toplum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamy bilen açylyp ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde bina edilen täze toplum paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýar hem-de Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ol okuw we dolandyryş, okuw, naharhana, ýatakhana, lukmançylyk, goşmaça okuw, sport binalaryny, awtoduralgany hem-de beýleki tehniki desgalary özünde birleşdirýär. Bu ýerde Watany goramagy ykbalyna öwürmegi maksat edinen ýaş oglanlar taýýarlanylýar.

Mugallymyň mertebesi

Asylly kärinden kemal tapan ussat mugallymlaryň geçen ýoly ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Biz bu gün asyra barabar ýaşly bilim ojagynda — Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji orta mekdepde 45 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle bilim-terbiýe berýän halypa mugallym, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ogultagan Hojagulyýewanyň zähmet ýolundan söhbet açmagy müwessa bildik. 1958-nji ýylda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Ogultagan Hojagulyýewa kiçiliginden taryhyň we edebiýatyň muşdagyna öwrülýär. Gadymy miras, söz sungaty bilen içgin gyzyklanan ýaş zehinli gyzjagazy halypa mugallymlar Güljeren Padyýewanyň, Annamuhammet Ussaýewiň sapaklary özüne ýüpsüz kökerip goýýar.

Döwletliler köşgünden talyplyga gadam

Şu ýyl talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň arasynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň zehinli uçurymlarynyň ençemesi bar. 1-nji sentýabrda ilkinji gezek täze okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätlän bu talyplar okamak üçin ähli şertleri döredýän, ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ussat mugallyma tagzym — bilim dünýäsine ak ýol

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline ter gül desselerini goýmak bilen başlandy. Baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly çäreler «akylly» şäheriň ähli bilim ojaklarynda dowam etdi. Dabarada ajaýyp şäherde döwrebap mekdepleri gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

«Ilkinji jaňyň» owazy

1-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki ýokary, ýörite orta hünär okuw we umumybilim berýän mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň gapysy giňden açylyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, giň şaýollary, seýilgähleri bu toý gününde örän owadan keşbe eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäherindäki bilim ojaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Säher bilen mekdeplere we çagalar baglaryna ilkinji ädimlerini ätlän elleri gül desseli çagalary mugallymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Ýaşlaryň şäherinde ýöriteleşdirilen bilim ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäresi ajaýyp Arkadag şäherinde hem uly dabaralara beslendi. Bu baýramçylyk gününde Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň açylmagy «akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň, bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Döwrebap bilim ojagynyň açylyş dabarasyna edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de «akylly» şäheriň bagtly durmuşynda ilkinji gezek mekdebe gadam basýan körpelerimiz, bagtyýar çagajyklarymyz, olaryň ata-eneleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

Robototehnika: intellektual ösüş

Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkeziniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.