Bilim — bagtyň gözbaşy

5 Sentýabr 2024
66

Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly ajaýyp romanynda: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer» diýip belleýär. Nesilleri belent derejelere göterjek goşa ganat bolsa watansöýüjilik hem-de ylym-bilimdir.

Ylym-bilimiň halkyň ýaşaýşynda tutýan orny babatda Gahryman Arkadagymyz çuňňur parasatlylyk bilen: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip belleýär. Dogrudan-da, milletiň baky bagtyýarlygynyň kökleri-de, ýagty geljeginiň aýdyň şuglasy-da, ilkinji nobatda, ylym-bilimden gözbaş alýar.

Laçyn HALNEPESOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.