Ussat mugallyma tagzym — bilim dünýäsine ak ýol

4 Sentýabr 2024
63

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň başy ömrüni, ykbalyny Watana, mugallymçylyk ýaly asylly käre bagyşlan ynsan Berdimuhamet mugallymyň heýkeline ter gül desselerini goýmak bilen başlandy.

Baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Soňra baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly çäreler «akylly» şäheriň ähli bilim ojaklarynda dowam etdi. Dabarada ajaýyp şäherde döwrebap mekdepleri gurduryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

Jahan ALTYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.