Röwşen geljegimiziň aladasy

5 Sentýabr 2024
71

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy.

Ak bugdaý etrabynyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri-de şol şatlyky günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagydyr. Döwrebap bilim ojagynda ýaş nesliň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi babatynda ajaýyp şertleriň göz öňüne tutulmagy, okuw otaglarynyň okatmagyň iň häzirki zaman enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi her birimizi buýsandyrýar.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.