"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Pyragynyň külliýaty

Magtymgulynyň eserleri ençeme golýazmalar arkaly biziň döwrümize gelip ýetipdir. Şahyryň golýazmalary diňe bir türkmen topragyna däl, goňşy we Angliýa, Wengriýa, Germaniýa ýaly günbatar ýurtlaryna-da ýaýrapdyr. Akyldaryň golýazmalarynyň köpüsi ýitip gidipdir. Magtymgulynyň ýedinji nesli bolan Gara işanyň gürrüň bermegine görä, dana şahyryň gaty köp kitaplary, şol sanda öz döreden eserleri hem Etrek çaýyndan geçilende sile gidýär. Golýazmalarynyň «weýran eýlenendigi» hakynda şahyryň özi-de «Reýgan eýledi» goşgusynda ýatlap geçýär:

Syrly setirleri çöşläp...

Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgularynyň arasynda tapmaça görnüşli syrly setirler bilen bir hatarda pygamberlere, öwlüýälere we taryhy şahsyýetlere salgylanylyp ýazylan setirler hem özüne çekýär. Akyldar şahyr olaryň üsti bilen ahlak, päkizelik, ula-kiçä hormat, mertlik, watançylyk ýaly garaýyşlaryny öňe sürüpdir. Olar köp okamagy, dürli kitaplar bilen tanyş bolmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şahyryň şeýle goşgularyna düşünmek üçin, dürli kitaplara salgylanmaly bolýar. Şu nukdaýnazardan şahyryň «Şalyk bile» atly goşgusy aýratyn ünsi çekýär: Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,Munda jebr etgen kişi, ol günde bolgaý ruýsyýa,Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba,Ol weliler serweri soltan Weýis dek öwlüýä,Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

Şygryýet

Ene toprak Topraga baş egmek kiçilik däldir,Oň bilen seň başyň egilip galmaz.Ene Ýer ene dek giňdir hemişe,Sähel-mähel zady göwnüne almaz.

«Ykbalym manyly bolary ýaly...» «Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan

Ýaşyl dünýä — ýaşyl Tug Aýdyň et sen ýollary,Äkit öňe illeri,Hem saýrat sen dilleri,Ýaşyl dünýä — ýaşyl Tug!

Jaz şygryýetini dörediji

Hormatly okyjylar, gazetimiziň bu gezekki sanynda biz size Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur şahyry, kyssaçysy, dramaturgy Längston Hýuz barada gürrüň bermegi makul bildik. Jeýms Mersel Längston Hýuz 1901-nji ýylyň 1-nji fewralynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary Kanzas ştatynyň Lorens şäherinde geçýär. Güzeranlarynyň kyndygyna garamazdan, enesiniň elinde terbiýelenen Hýuzyň çeper edebiýata bolan söýgüsi çagalyk ýyllarynda döreýär. Ol jaz poeziýasyna degişli «Sýu gyrmyzy geýnende» atly şygryny ýaňy bir okamagy öwrenip ugran döwürleri ýazýar.

Ýalan sözleseň...

Uzak ýyllaryň dowamynda çopançylyk edip, mal yzynda gezen pähimdar ýaşuly mal bazaryndaky kökerilgi goýunlary gözden geçirip ýördi. Ýaşulynyň nazary semiz öweçde eglendi. Eýesinden onuň bahasyny sorap, ylalaşsa, satyn aljakdygyny aýdyp: — Inim, bu ene goýun eken. Men huruşlyk edinjek bolýan, bogaz däldir-dä hernä — diýdi.

Ertekä çalymdaş günler (Hekaýa)

Şeýle bir dilewar kişiler bolýar, olaryň adaty bir wakany-da edil gyzykly eser ýaly edip gürrüň berşine haýran galyp oturmalydyr. Her birimiziň çagalyk günlerimiz baradaky ýatlamalarymyzyň içi-de şolar ýaly adamlaryň gyzykly gürrüňlerinden doludyr. Özüm-ä çagalygymy ýada salsam, gözümiň öňünde enemiň gürrüň berýän ertekilerindäki, rowaýatlaryndaky döw, jyn ýaly gahrymanlar hakydama gelýär. Enemiň gürrüň berýän ertekileriniň, rowaýatlarynyň ýa-da beýleki wakalarynyň özboluşly tarapy, olaryň biri beýlekisine meňzemezdi. Şol bir ertekini birnäçe gün geçip, täzeden gürrüň beräýsin, içiniň wakalary üýtgeşiklikden doludyr. Indi-indi pikirlenip otursam, şol döwürler onuň huşy ejizläp ýören bolmaly. Ýöne ýyllaryň dowamynda kemala gelen, ussatlyk derejesine çykan dilewarlygy oňa bu syryny gizlinlikde saklamaga mümkinçilik bererdi.

Türkmen tebigatynyň waspy

Türkmeniň tebigatyda edil kalby ýaly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýýär. Kitaby dädem Gorkutda bir ajaýyp şahyrana jümle bar: «Gözüm açyp gördügim, göwün berip söýdügim». Her bir türkmeniň gözüni açyp gören gözellikleriniň her birisi, hatda ata-enesi-de onuň mukaddes Watanynyň bir parçasydyr. Magtymguly Pyragynyň älemi haýrana goýan akyl-paýhasa ýugrulan, pähim-paýhas ummanyna deňelýän şygyrlardan düzülen egsilmez hazynasy hem türkmen tebigaty bilen berk baglanyşyklydyr.

Paýhasa eýlenen dürdäne sözler

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ynsan ýüreginiň teşneligini gandyrýan, kalplara şypa-melhem, güýç-kuwwat berýän dürdäne eserlerine türkmen halky mukaddeslik hökmünde garaýar. Röwşen geljege tarap barýan ak ýollarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynyň aýry-aýry setirleri nakyllar, pähimler, atalar sözleri görnüşinde dilden-dile geçip, halk arasynda aýdylýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny  ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekde nusgalyk mekdep hasaplaýar. Alym Arkadagymyzyň: «Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklaryndan türkmen halkynyň, gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär» diýen sözleri Magtymguly bilen türkmen halkynyň terbiýeçilik mekdebiniň arasyndaky gatnaşyga berlen hakyky bahadyr. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, watansöýüjilige eýlenen, adamzadyň iň gowy däplerini özünde jemleýän eserlerini bu gün bütin dünýä öwrenýär. Dana şahyr şygyrlarynda adamlaryň kalplarynyň we ahlagynyň päk, kämil bolmalydygyny nygtapdyr.

«Biri Magtymguly...»

Magtymguly diýip ady tutulýar. Pyragy diýip ady tutulýar. Akyldar, dana,.. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň ady külli türkmen halkynyň ady bilen bilelikde tutulýar... Aýdylyşy ýaly, pikir — materiýa. Materiýa bolsa ýaşaýar. Diýmek, pikir ýaşaýar. Ony kimdir biriniň gaýtalap bilmegi-de ahmal, unutmagy-da. Ýöne pikir ýaşaýan bolsa, barybir, unudylan zatlaryň bir gün kimdir biriniň aňynda janlanmagy, zybanynda ýaňlanmagy mümkin. Pyragy türkmen halkynyň ýa-da türkmen halkynyň adyndan ata-babalarymyzyň pikirini halkyna gaýdyp berdi. Şahyr kimdir birini gaýtalap däl-de, gaýtadan doglan pikiri dünýä berip, bolanlaryny Gündogaryň pelsepesine ýugrup türkmeniň Magtymgulusyna öwrüldi. Pyragynyň şygyrlaryny ýat tutup nesilden-nesle geçiren halk gönüden-göni şol pelsepäniň içinde ýaşady. Ol islendik pursatda türkmen aga «Magtymguly, ine, şeýle diýipdir...» diýen çykalga bolup, halkyň dadyna ýetişdi. Halk dadyna ýetişenleri, has dogrusy, gahrymanlaryny unutmaýar. Halkyň aňynda ýaşamak bolsa baky ýaşamak diýmekdir. Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedi ýaşamagydyr.

Aýdyma öwrülen ömür

Magtymguly Myşşyýew 1930-njy ýylyň 3-nji fewralynda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Etrap merkezindäki 1-nji orta mekdepde okap, orta bilim alandan soň, Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär we ony 1959-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Magtymguly şol döwürde çap edilýän ýaşlar gazetinde we «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda, «Türkmenistan» neşirýatynda işleýär. 1962-nji ýyldan ömrüniň ahyryna — 2011-nji ýyla çenli Türkmen radiosynda zähmet çekýär. Magtymguly Myşşyýew döredijilik işine uniwersitetde okap ýören döwürlerinde başlaýar. Şahyr öz döredijiliginde oba durmuşy, zähmet adamynyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri, Watanymyzyň ösüş-özgerişi, tebigat gözelligi, türkmen gelin-gyzlarynyň özboluşly edep-ekramy ýaly temalara aýratyn orun berýär. Magtymguly Myşşyýew diňe bir şahyr hökmünde tanalman, ol prozada döreden ençeme eserleri bilen hem meşhurlyk gazanýar. Dürli ýyllarda onuň «Köpetdagda bahar», «Men sährany söýýärin», «Garagum bilen söhbet», «Başdarak», «Aknuruň agtygy» we «Obadaşlar» atly goşgular we kyssa kitaplary okyjylara gowuşdy.

Ýandepderçedäki ýazgylardan

— Mekdep, maşgala, jemgyýetçilik — bularyň hemmesem birinjiden, ikinjiden... diýip terbiýe berjek bolmaly dälmikä diýýärin. Biziň ähli işimiziň maksady çagalaryň kalbynda dogry we gowy duýgulary oýarmaga gönükdirilen bolmaly. Ynsan zerurlyklarynyň sanawyna girizilen duýgy, höwes, isleg hökman kanagatlandyrylýar. — Türkmen «tamdyra gyzanda ýap» diýýär. Islendik zady hem aýny wagtynda etmek gerek. 1 hepdelik çaganyň terbiýesine girişmedik atanyň 1 hepde gijä galyşy ýaly, biziňem terbiýeçilik işinde käbir zatlary duşumyzdan geçirýän bolmagymyz mümkin. Näme şekil berjek bolsaň, palçyk gatamanka bermeli. «Çül çaga» diýilýän döwür, aýdylyşyna görä, 3 ýaşa çenlimiş. Ondan soň onuň miwesi görnüp ugraýar.

Peder pendine eýeren ussat

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynda uly yz galdyran nusgawy şahsyýetleriň biridir. Ol parasatly şygyrlarynyň üsti bilen türkmen halkyny agzybirlige, jebislige, özara ylalaşykly ýaşamaga çagyrypdyr. Şahyryň şygyrlarynyň çuň mazmunly, çeper bolmagynda onuň pederi, ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň hyzmaty uludyr. Döwletmämmet molla Magtymgulynyň bilim-sowatly bolmagy üçin tagalla edip, oňa yslam dini, beýleki ylymlar baradaky düşünjelerini artdyrmagyň inçe ýollaryny öwredipdir. Ol diňe bir öz perzendiniň däl, eýsem, obadaşlarynyň hem sowatly, ylym-bilimden habardar bolmagy üçin uly işleri bitiren şahsyýetdir. Azadynyň atalyk borjuny ýerine ýetirip, Magtymgula adamzadyň ömür menzillerinde duş gelýän aňrybaş ahlak hem-de akyl terbiýesini bermekde uly aladalar edendigini onuň şygyrlaryndan duýmak bolýar. Döwletmämmet Azady türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran kämil eseri «Wagzy-azatda» hem nesil terbiýesi hakynda gymmatly pikirlerini beýan edipdir.

Sarpasy belent Pyragy

Söz mülküniň soltany, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň miras galdyran köňül kelamlary dilden-dile geçip, dünýä halklarynyň hakydasynda görnükli orun aldy. Öz halkynyň şöhrat-şanyny arşa galdyran beýik söz ussadyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent sarpasynyň netijesinde, Köpetdagyň eteginde dag ýaly heýkel bina edilip, şahyryň 300 ýyllyk toý-dabarasy ilden-ile ýaýyldy. Şeýdip, «Dünýä poeziýasynyň Elbrusy» hasaplanan bakylygyň şahyry halk söýgüsiniň belent derejesine göterildi. Akyldar şahyryň Jemşidiň jamyna deňelen pähim-parasady dürli dillerde dessan bolup, ähli halklaryň ýüreklerinde ýaşaýar. Şahyra bagyşlanan «Magtymguly —  ylham çeşmesi» atly kitapda dünýäniň belli alymdyr ýazyjy-şahyrlary özleriniň şahyr baradaky gymmatly pikirlerini beýan edýärler. Çingiz Aýtmatowyň: «Taryhyň örän agyr ýoluny geçen halk öz jümmüşinden ady adamzat paýhasynyň äpetleriniň atlary bilen bir hatarda durjak şahyry hem-de akyldary döretdi. Wawilon daş basmalaryndan başlap, biziň günlerimiziň eserlerine çenli adamzat paýhasynyň miweleri toplanan 200 tomluk «Dünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» Gündogar poeziýasy kitabynda Magtymgulynyň lirikasyna-da uly orun berlendigi tötänden däldir. Onuň ady bilen baglanyşykly täzeden döreýiş Gündogaryň goňşy halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasy, umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi Watan, il-halk, dost–doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek, agzybirlik baradaky parasatly pikir-garaýyşlary özünde jemleýär. Şanly senelere beslenýän ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy milli mirasymyza sarpany artdyrmakdan, şahyryň eserlerini ýaş nesle öwretmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki hezreti Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da öçmejek yz galdyran şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde şugla saçýan parlak ýyldyzdyr. Onuň bize galdyran edebi mirasynyň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

Toýuň toýlanýar uludan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda beýik şahsyýetlerimiziň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmek, aýawly saklamak, şeýle hem pähim-paýhasa ýugrulan many-mazmunyny dünýä ýaýmak babatda giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana kalbyndan joşup çykan ajaýyp şygryndan ugur alnyp atlandyrylan şanly ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Kararyna laýyklykda geçirilýän dabaralar, maslahatlar, dürli bäsleşikler giň gerime eýe bolýar. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren dana şahyrymyzyň döredijilik dünýäsi ynsan kalbynyň nuruna öwrülip, nesilden-nesle dowam edip, barha rowaçlanýar. Halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp zamanamyzda dünýä ýüzüne wagyz edilmeginde şahyrymyzyň gyzyldan gymmatly eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Adalatlylygy, halkyň agzybirligini we jebisligini hem-de ýurt garaşsyzlygyny, berkararlygyny ömürboýy arzuw eýläp ýaşan dana şahyrymyzyň bu günki günde ähli arzuwlary hasyl boldy. Bu ajaýyp döwrümizde şahyr atamyzyň nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi saýy

Ruhy hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, şöhratly taryhynyň nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen has täsirli beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ynsan mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Halkymyzyň Milli Lideriniň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Bu babatda kitapda şeýle bellenilýär: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şunda adamlaryň ukyplary,  zehini,  mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek».

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Pyragynyň goşgulary Alyp bilene akyldyr,Pyragynyň goşgulary.Göýä, durşuna nakyldyr,Pyragynyň goşgulary.

Algyn pendim, jigerbendim!

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar Göwün üçin köp zat gerek däl. Ol ýekeje söz bilen ganatlanyp, al-asmana perwaz edýär. Emma ýekeje jümläniň edil peýkam ýaly ony ýaraty edip, uçutdan gaýdyrmagy hem ahmal. Islendik ýagdaýda-da, ilki bilen, ýürek duýýar.

Kitap okamak barada

Kitap okan gullar magnydan dokdur. Magtymguly Pyragy.