Paýhasa eýlenen dürdäne sözler

22 Awgust 2024
111

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ynsan ýüreginiň teşneligini gandyrýan, kalplara şypa-melhem, güýç-kuwwat berýän dürdäne eserlerine türkmen halky mukaddeslik hökmünde garaýar. Röwşen geljege tarap barýan ak ýollarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynyň aýry-aýry setirleri nakyllar, pähimler, atalar sözleri görnüşinde dilden-dile geçip, halk arasynda aýdylýar.

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny  ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemekde nusgalyk mekdep hasaplaýar. Alym Arkadagymyzyň: «Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklaryndan türkmen halkynyň, gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär» diýen sözleri Magtymguly bilen türkmen halkynyň terbiýeçilik mekdebiniň arasyndaky gatnaşyga berlen hakyky bahadyr. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, watansöýüjilige eýlenen, adamzadyň iň gowy däplerini özünde jemleýän eserlerini bu gün bütin dünýä öwrenýär. Dana şahyr şygyrlarynda adamlaryň kalplarynyň we ahlagynyň päk, kämil bolmalydygyny nygtapdyr.

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.