Türkmen tebigatynyň waspy

22 Awgust 2024
104

Türkmeniň tebigatyda edil kalby ýaly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýýär.

Kitaby dädem Gorkutda bir ajaýyp şahyrana jümle bar: «Gözüm açyp gördügim, göwün berip söýdügim». Her bir türkmeniň gözüni açyp gören gözellikleriniň her birisi, hatda ata-enesi-de onuň mukaddes Watanynyň bir parçasydyr. Magtymguly Pyragynyň älemi haýrana goýan akyl-paýhasa ýugrulan, pähim-paýhas ummanyna deňelýän şygyrlardan düzülen egsilmez hazynasy hem türkmen tebigaty bilen berk baglanyşyklydyr.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».