Jaz şygryýetini dörediji

22 Awgust 2024
122

Hormatly okyjylar, gazetimiziň bu gezekki sanynda biz size Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň meşhur şahyry, kyssaçysy, dramaturgy Längston Hýuz barada gürrüň bermegi makul bildik.

Jeýms Mersel Längston Hýuz 1901-nji ýylyň 1-nji fewralynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Joplin şäherinde dünýä inýär. Onuň çagalyk ýyllary Kanzas ştatynyň Lorens şäherinde geçýär. Güzeranlarynyň kyndygyna garamazdan, enesiniň elinde terbiýelenen Hýuzyň çeper edebiýata bolan söýgüsi çagalyk ýyllarynda döreýär. Ol jaz poeziýasyna degişli «Sýu gyrmyzy geýnende» atly şygryny ýaňy bir okamagy öwrenip ugran döwürleri ýazýar.

Taýýarlan Atajan Rozyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.