Syrly setirleri çöşläp...

22 Awgust 2024
189

Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgularynyň arasynda tapmaça görnüşli syrly setirler bilen bir hatarda pygamberlere, öwlüýälere we taryhy şahsyýetlere salgylanylyp ýazylan setirler hem özüne çekýär. Akyldar şahyr olaryň üsti bilen ahlak, päkizelik, ula-kiçä hormat, mertlik, watançylyk ýaly garaýyşlaryny öňe sürüpdir. Olar köp okamagy, dürli kitaplar bilen tanyş bolmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şahyryň şeýle goşgularyna düşünmek üçin, dürli kitaplara salgylanmaly bolýar. Şu nukdaýnazardan şahyryň «Şalyk bile» atly goşgusy aýratyn ünsi çekýär:

Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,
Munda jebr etgen kişi, ol günde bolgaý ruýsyýa,
Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba,
Ol weliler serweri soltan Weýis dek öwlüýä,
Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

Annadurdy GURBANDURDYÝEW,
Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy,mirasgär.