«Biri Magtymguly...»

22 Awgust 2024
115

Magtymguly diýip ady tutulýar. Pyragy diýip ady tutulýar. Akyldar, dana,.. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň ady külli türkmen halkynyň ady bilen bilelikde tutulýar...

Aýdylyşy ýaly, pikir — materiýa. Materiýa bolsa ýaşaýar. Diýmek, pikir ýaşaýar. Ony kimdir biriniň gaýtalap bilmegi-de ahmal, unutmagy-da. Ýöne pikir ýaşaýan bolsa, barybir, unudylan zatlaryň bir gün kimdir biriniň aňynda janlanmagy, zybanynda ýaňlanmagy mümkin. Pyragy türkmen halkynyň ýa-da türkmen halkynyň adyndan ata-babalarymyzyň pikirini halkyna gaýdyp berdi. Şahyr kimdir birini gaýtalap däl-de, gaýtadan doglan pikiri dünýä berip, bolanlaryny Gündogaryň pelsepesine ýugrup türkmeniň Magtymgulusyna öwrüldi. Pyragynyň şygyrlaryny ýat tutup nesilden-nesle geçiren halk gönüden-göni şol pelsepäniň içinde ýaşady. Ol islendik pursatda türkmen aga «Magtymguly, ine, şeýle diýipdir...» diýen çykalga bolup, halkyň dadyna ýetişdi. Halk dadyna ýetişenleri, has dogrusy, gahrymanlaryny unutmaýar. Halkyň aňynda ýaşamak bolsa baky ýaşamak diýmekdir. Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedi ýaşamagydyr.

Parahat MÄMMETNUROW.