"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ BAŞ ÝÖRELGESI Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzdan badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy pursatlarynyň üstüni ýetirýär. Bu şanly senäni giňden dabaralandyrmak häzirki günlerde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal hem tutanýerli zähmet çekýän bagtyýar adamlaryň baş maksadyna öwrülýär. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýeten sepgitleri we ýagty geljek üçin oňyn hem işjeň gatnaşyklaryň häzirki wagtda berk binýadyny goýmak babatdaky işler, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesini dünýä ýaýratmakda alyp barýan giň gerimli tutumlary barada özara pikir alyşmak, joşgunly kalplaryň hyjuwyny paýlaşmak toýly günleriň iň bir asylly dessurlarynyň birine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde «Parahatçylyk söýüjiligiň baş ýörelgesi» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Täçmyrat Rejepow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Türkmenistanyň Kärdeşle

Hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy nazarlaýan, ýurtlaryň hem-de halklaryň durnukly ösüşine ýardam bermäge gönükdirýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen goldanylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň halkara derejesindäki hormat-sarpasyny, Milletler Bileleşigindäki ornuny barha belende göterýär.

Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygy saklamak sunngaty

Türkmen Bitaraplygy sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrýar. Muňa biz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyndan aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň milli ýörelgesiniň ynsansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny Ýer ýüzünde şöhlelendirip, ony durmuşa ornaşdyrýar. Şonuň üçin-de häzirki döwürde dünýä döwletleri türkmen Bitaraplygynyň umumymilli gymmatlygyň, halkara jemgyýetçiligiň gazanan bahasyz baýlygyna öwrülendigini ykrar edýärler. Bu bolsa onuň mazmunynyň oňynlygyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde: «Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady» diýip belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy saklamak sungaty hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze taryhy eýýamda özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, h

Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde

Bitaraplyk — dünýäniň halklary we sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna getirdi. Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamyna we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýän wajyp başlangyçlary öňe sürýär we amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Şeýle hem halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär. Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnama

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik iş­le­ri­ni Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Bu gün­ki gün Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän, ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri tek­lip ed­ýän döw­let, iri hal­ka­ra çä­re­le­riň, mas­la­hat­la­ryň, du­şu­şyk­la­ryň, fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­ýar. Mu­ňa my­sal hök­mün­de «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­ny, VI Ha­zar sam­mi­ti­ni, Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­ha­ty aý­dyp bo­lar. Bu çä­re­ler eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di.

Beýik maksatlar rowaçlanýar

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen iki gezek kabul edilmegi dünýä taryhynda uly syýasy üstünlikdir. Munuň özi döwletimiziň halkara gatnaşyklarda saýlap alan nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň bütindünýä ykrarnamasydyr. Çünki Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Bitaraplyk — parahatçylyk hem asudalyk

Ata Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp gözelligini, asudalygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan, eşretli durmuşyny synlaýarkaň, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň ykballary özgerdiji täsirleri seriňe dolýar. Şol pursat dünýä nusgalyk beýik işleri bilen abraý-mertebesi arşa göterilýän döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy ör-boýuna galýar. Türkmen bitaraplygy halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň daşary syýasatda rowaçlyga beslenmegidir. Bitaraplyk ýörelgeleri milli gymmatlyklarymyzda-da, däp-dessurlarymyzda-da, dünýäni haýrana goýýan medeni mirasymyzda-da beýanyny tapýar. Enelerimiziň tamdyra ýapýan çörekleriniň birini öz goňşusyna niýetleýşi, goňşy paýy, goňşokara gatnaşyklary, goňşy barada döredilen halk döredijiligi eserleri munuň subutnamalarydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige berk eýeren pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp döwrümizde dowamat-dowamdygy bolsa örän buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilikli dowam etdirilýär hem-de güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyz: “Dünýäde we

Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri

Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişen ýurdumyz, häzirki zaman şertlerinde bolsa halkara giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly subut edýär.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlandy. Neşir “Beýik maksatlar, saldamly gazanylanlar, ýagty geljek” atly syn-seljerme makalasy bilen açylýar. Onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär. 

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” neşiriniň nobatdaky sany

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň 14-nji goýberilişi Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda ýurdumyzyň gazanan giň gerimli üstünliklerine bagyşlandy. Neşir “Beýik maksatlar, saldamly gazanylanlar, ýagty geljek” atly syn-seljerme makalasy bilen açylýar. Onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär.

Hoşniýetli goňşuçylygyň binýadyny berkidip

Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dost hasaplaýar. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.

Parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Halkyň kalbyna hem aňyna unudylmajak döwür bolup, zer bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz beýik özgertmeleriň we ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlary gurşap alýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri syýasaty ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen bolsa, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasaty dünýäde ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge we ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bitarap ösüşimiziň geçen 27 ýylynyň içinde ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly üstünlikler gazandy. Muny Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-niň möhüm edaralarynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen halkara derejedä

Halkara gatnaşyklaryň täze derejesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar. «Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Hawa, bu gün ýurdumyz günsaýyn belende göterilýän halkara abraýy bilen dünýä bileleşiginde aýratyn orun eýeleýär. Öňdengörüjilikli, oýlanyşykly hem-de uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasat halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirýär, dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze-täze mümkinçilikleri hem-de çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýas

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda 7-nji gezek wise-başlyklyk edýär

13-nji sentýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy öz işine başlady. Dünýäniň syýasy durmuşyndaky bu iri waka Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýändigi, ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda indi 7-nji gezek wise-başlyklyk edýändigi bilen biziň üçin aýratyn mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýylyň iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanypdy. Munuň özi, ozaly bilen, dünýäniň geosyýasy giňişliginde Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda irginsiz tagalla eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlaryna, öňe süren halkara başlangyçlaryna çäksiz hormat-sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem munuň özi ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda ozalky syýasy garaýyşlarynda galýandygyny tassyklan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saýlap alan ugruna bildirilen uly ynamyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlary bolsa şol daşary syýasy ugruň yzygiderli ösdürilýändigini tassyklaýar.

Eşretli döwrümiziň ak ýoly

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň uly toýunyň barha golaý gelýän günlerinde her güni, aýy guwançly netijelere, taryhy wakalara beslenýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başy başlanan Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda milli ykdysadyýetimizde, beýleki ulgamlarda gazanylýan ýokary görkezijilerem, dabarasy dag aşýan taryhy wakalaram ýokary ruhubelentligi eçilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz Watanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän tutumly işler rowaç alýar.

Halkara ähmiýetli awtomobil köprüsi

8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol desga Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurlar. Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli ýörite gurnalan bina baryp, ol ýerde awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli ugurlar boýunça orunbasary döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, şekil taslamalarynyň üsti bilen Diýarymyzyň halkara ulag geçelgeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzda iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen uly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ähli ugurlarda özara gatnaşyklarynyň yzygiderli, işjeň häsiýete eýedigi bellenildi. Şolaryň hatarynda gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi esasy ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy:

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görýän günlerimizde, has takygy 28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi sebitimiz üçin parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri emele getirýär. Bu taryhy buýsandyryjy waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Garaşsyz döwletimiziň bu daşary syýasy üstünligi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna kepil geçip, eziz Watanymyzy dünýä derejesinde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnuklylygy öňe sürýän Bitarap ýurt hökmünde ýene-de bir gezek ykrar

Parahatçylyk ýoly bilen

Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde uly goldaw tapýan ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty arkaly özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Bu günler eziz halkymyz ýurdumyzyň halkara abraýyny nobatdaky gezek tassyklaýan ýene-de bir hoş habar bilen galkynýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji mejlisiniň barşynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi guwandyryjy habar bolup, kalbymyzy buýsandyrdy. Bu barada hormatly Prezidentimiziň 29-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi. Täze Kararnamanyň awtordaşy bolup 19 döwletiň çykyş etmegi bu başlangyjyň möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Bu çözgüt halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň ýene bir nusgalyk görkezijisidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy bilen, Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi bu gadymy mekanda täze umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň rowaçlanmagyna, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döreder. Ýurdumyzyň Bitara