Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dabaralanýar

22 Noýabr 2022
577

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze taryhy eýýamda özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar we baý ýerasty hem-de ýerüsti resurslary, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, durnukly ösýän jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen, geljegi örän uly ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.