Parahatçylyk ýoly bilen

2 Awgust 2022
1992

Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde uly goldaw tapýan ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty arkaly özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär. Bu günler eziz halkymyz ýurdumyzyň halkara abraýyny nobatdaky gezek tassyklaýan ýene-de bir hoş habar bilen galkynýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji mejlisiniň barşynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi guwandyryjy habar bolup, kalbymyzy buýsandyrdy. Bu barada hormatly Prezidentimiziň 29-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi. Täze Kararnamanyň awtordaşy bolup 19 döwletiň çykyş etmegi bu başlangyjyň möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Bu çözgüt halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň ýene bir nusgalyk görkezijisidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy bilen, Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi bu gadymy mekanda täze umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň rowaçlanmagyna, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döreder.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara giňişliginde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasyna laýyklykda, netijeli gepleşikleri geçirmäge, oňyn başlangyçlary öňe sürmäge, bitaraplyk syýasatyny döredijilikli ösdürmäge berk esas döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýada Garaşsyz döwletimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň goldanylýandygy, türkmen Bitaraplygynyň geoykdysady taýdan sebit hem-de dünýä ösüşine oňyn täsir edýändigi bellenilýär. Rezolýusiýada hemişelik Bitarap döwletimiziň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge, ygtybarly ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlaryna goldaw bildirilýändigi, çylşyrymly, adatdan daşary hadysalar hem-de tebigy heläkçilikler zerarly kyn ýagdaýda galan ýurtlara we halklara ynsanperwer kömegini bermekde Türkmenistanyň oňyn ornunyň ykrar edilýändigi hem nygtalyp bellenilýär.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.