Watanymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri

9 Noýabr 2022
750

Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişen ýurdumyz, häzirki zaman şertlerinde bolsa halkara giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly subut edýär.

Dinara MURADOWA,
maýor.