Hoşniýetli goňşuçylygyň binýadyny berkidip

20 Oktýabr 2022
1258

Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistan Özbegistany iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dost hasaplaýar. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär.