2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

12 Awgust 2022
1731

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Paýtagtymyzda iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen uly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ähli ugurlarda özara gatnaşyklarynyň yzygiderli, işjeň häsiýete eýedigi bellenildi. Şolaryň hatarynda gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi esasy ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.