Hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgeleri

22 Noýabr 2022
622

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy nazarlaýan, ýurtlaryň hem-de halklaryň durnukly ösüşine ýardam bermäge gönükdirýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen goldanylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň binýady bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň halkara derejesindäki hormat-sarpasyny, Milletler Bileleşigindäki ornuny barha belende göterýär.

Jamal AMANSARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.