Bitaraplyk — parahatçylyk hem asudalyk

16 Noýabr 2022
712

Ata Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp gözelligini, asudalygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan, eşretli durmuşyny synlaýarkaň, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň ykballary özgerdiji täsirleri seriňe dolýar. Şol pursat dünýä nusgalyk beýik işleri bilen abraý-mertebesi arşa göterilýän döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy ör-boýuna galýar. Türkmen bitaraplygy halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň daşary syýasatda rowaçlyga beslenmegidir. Bitaraplyk ýörelgeleri milli gymmatlyklarymyzda-da, däp-dessurlarymyzda-da, dünýäni haýrana goýýan medeni mirasymyzda-da beýanyny tapýar. Enelerimiziň tamdyra ýapýan çörekleriniň birini öz goňşusyna niýetleýşi, goňşy paýy, goňşokara gatnaşyklary, goňşy barada döredilen halk döredijiligi eserleri munuň subutnamalarydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige berk eýeren pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp döwrümizde dowamat-dowamdygy bolsa örän buýsandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilikli dowam etdirilýär hem-de güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyz: “Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris” diýip belleýär.

Akbäbek Satlykowa,
“Balkan”.