Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy:

3 Awgust 2022
1802

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görýän günlerimizde, has takygy 28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi sebitimiz üçin parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri emele getirýär. Bu taryhy buýsandyryjy waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Garaşsyz döwletimiziň bu daşary syýasy üstünligi Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artýandygyna kepil geçip, eziz Watanymyzy dünýä derejesinde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnuklylygy öňe sürýän Bitarap ýurt hökmünde ýene-de bir gezek ykrar edýär» diýlip nygtalýar.

«Esger».