Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygy saklamak sunngaty

22 Noýabr 2022
701

Türkmen Bitaraplygy sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrýar. Muňa biz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyndan aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň milli ýörelgesiniň ynsansöýüjilik, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny Ýer ýüzünde şöhlelendirip, ony durmuşa ornaşdyrýar. Şonuň üçin-de häzirki döwürde dünýä döwletleri türkmen Bitaraplygynyň umumymilli gymmatlygyň, halkara jemgyýetçiligiň gazanan bahasyz baýlygyna öwrülendigini ykrar edýärler. Bu bolsa onuň mazmunynyň oňynlygyny açyp görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde: «Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady» diýip belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy saklamak sungaty hökmünde dünýäde ykrar edildi.

Jeren JUMAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.